JEMGYÝET

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň 17 döwletinden 400-den gowrak adamyny Eýrandan öz ýurduna ibermek meýilleşdirilýär diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Üstaşyr geçýän ýolagçylaryň iň köp bölegini Hytaýyň raýatlary düzýär – 211 adam. Soňky üç gije-gündiziň dowamynda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Saud Arabystanynyň, Şwesiýanyň we Merkezi Aziýanyň birnäçe ýurtlarynyň 150-ä golaý raýaty serhetden geçdi.

Türkmen tarapy gelýänleri doly ugratmak we goldamak hyzmatlaryny üpjün edýär. Aşgabatda myhmanhanalarda ýerleşdirmek, iýmit we barjak ýerlerine çenli ulag üpjünçiligi guraldy.

Mundan ozal, Türkmenistan daşary ýurt raýatlaryny Eýrandan özýurduna dolanmagy üçin bäş sany ynsanperwer geçelgäni açypdy. Olar «Artyk – Lýutfabat», «Howdan – Bajygyran», «Akýaýla – Inçeburun», «Altyn Asyr – Inçeburun» we «Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hereket edýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi