Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahaty geçirildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle hem daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, halypa diplomatlar, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we halkara guramalary tarapyndan sergi guraldy. Soňra baýramçylyk maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli iberen Gutlagy diňlenildi. Onda baky Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň uzakmöhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişliginde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendigi bellenilýär.

Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Kaha Imnadzeniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stiwen Konlonyň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň çykyşlary diňlenildi.
Asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Soňra bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň çeper-höwesjeňler toparynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi.
