JEMGYÝET

5 million gorly kitaphana sanlylaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Sanly ulgam» syýasaty barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň baş kitaphanasy bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem bu ugurda degişli işler amala aşyrylýar. Bu barada gündelik neşir edilýän “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda bu ýerde jemi bäş million alty ýüz kyrk bir müň üç ýüz kyrk bäş (5641345) sany kitap bolup, kitaphananyň hazynasy täze çykýan kitaplaryň hasabyna ýyl-ýyldan baýlaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 16-njy awgustynda gol çeken «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakyndaky» Kararyndan bäri kitaphanada kitaplary elektron ulgama geçirmekde hem işler yzygiderli alnyp barylýar. Şondan bäri kitaphanadaky bäş million alty ýüz kyrk bir müň üç ýüz kyrk bäş (5641345) kitabyň iki müň üç ýüz on altysy (2316) elektron görnüşe geçirildi. Olardan bir müň alty ýüz otuz iki (1632) sanysy türkmen dilinde, alty ýüz on sekiz (618) sanysy rus dilinde, altmyş alty sanysy bolsa beýleki daşary ýurt dillerindäki kitaplardyr. Kitaplary elektron görnüşe geçirmegiň tapgyry häzir hem ýokary depginde dowam edýär.

Sanly ulgamyň okyjylar üçinem, işgärler üçinem uly ýeňillikleri döredýär. Kitaphananyň ammaryndan kitaplary tapmak indi öňki ýaly köp wagtyňy almaýar. Kompýuter arkaly gözleýän kitabyňy anyk nirede ýerleşýändigini aňsatlyk bilen tapmak bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2015-nji ýylyň aprelinde Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky welaýat, etrap, şäher merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphanalaryň ulgamy döredilipdi. Kitaphanada ýola goýlan internet ulgamynyň kömegi arkaly şol ulgamdaky 76 kitaphana bilen maglumatlary alyş-çalyş etmek işleri hem ýola goýuldy.

Şeýle-de bu ýerde döwürleýin neşirlerdäki — gazet-žurnallardaky makalalardyr oçerkleriň her biri aýratynlykda kompýuterleriň ýadynda saklanylýar. Şeýlelikde, okyjy özüne degişli temanyň adyny ýazyp, kompýuterden gözletse, şol tema degişli bolan makalalaryň ählisi awtorynyň ady, çykan gazet senesi bilen bilelikde ekranda peýda bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistan tahýa taýýarlamagyň sungatyny ÝUNESKO hödürledi