Aşgabatda «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» toparynyň arasynda geçiriljek duşuşyga ýokary derejeli taýýarlyk görülýär. Olimpiýa stadionynda geçiriljek AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşygyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan 89 mugallym, 507 sany talyp çekildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde bellenilýär.
«Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Olar dynç alyşdan dolanyp gelensoň, duşuşygyň öňüsyrasynda türgenleşikleri dowam etdirmegi meýilleşdirýäris. Aslynda, bu işe ýanwar aýynda girişdik. Olimpiýa stadionynda bolan türgenleşikleriň çäklerinde meýletin ýardamçylardyr jogapkär mugallymlaryň hyzmat etmeli ýerleri kesgitlenildi» diýip, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylym bölüminiň hünärmeni Arslan Myradow belleýär.
Meýletinçiler janköýerleriň 5,5 müňden gowragynyň gatnaşmagynda stadionda peýda boljak «ARKADAG» ýazgysyny ýazmak boýunça işleriň guramaçylygyna hem ýardam berýärler.
Ýörite döredilen media toparynyň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Türkmen döwlet medeniýet institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan mugallymlaryň 12-si, zehinli, dilewar talyplaryň bolsa 76-sy çekildi.
Olar duşuşyga görülýän taýýarlyk işleriniň dowamynda we onuň geçirilýän günlerinde reportažlary, foto we wideo maglumatlary taýýarlamak hem-de halkara giňişlige çykarmak işlerine gatnaşarlar. Bu ugurda toparyň agzalary bilen onlaýn we amaly görnüşde ýörite okuwlar geçirildi diýlip, söhbetdeşlikde bellenilýär.
