SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary sosial torlardan goramak baradaky pikirini goldady we bu platformalarda ýaş boýunça çäklendirmeleri girizmäge çagyrdy.

“Platformalar çagalaryň howpsuzlygyny we saglygyny goramak üçin şeýle görnüşde döredilmeli we işleýän bolmaly,” diýip, BSGG-niň ýolbaşçysy “X” jemgyýetçilik torunda habar berdi. Onuň bellemegine görä, “hakyky ýaş çäklendirmelerini ulanmak” zerurdyr.

Gebreýesus ispan Premýer-ministri bilen ylalaşýandygyny belläp, “sosial torlary düzgünleşdirmegiň we jogapkärçiligiň örän möhüm ähmiýete eýedigini” belläp geçdi.

Related posts

Hytaýda koronawirusa garşy ilkinji tabletka öndürildi

Ata Watan Eserleri

ÝB sanjym maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrýar

Bejergi alýan çagalar üçin 400 müň dollar berler

Ata Watan Eserleri