SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

Tokio uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen Nipah wirusyna garşy sanjymyň ilkinji kliniki synaglary Belgiýada başlanar. Sanjymyň synaglary adamlar üzerinde geçiriler diýip, “Nikkei” gazeti habar berýär.

Bellenilişine görä, primatlar üzerinde geçirilen synaglarda bu derman doly goragy üpjün etdi. Geljekki ýylda alymlar Bangladeş Respublikasynda uly ýaşlylaryň we çagalaryň gatnaşmagynda barlaglary giňeltmegi meýilleşdirýärler.

Bu wirus dem alyş ulgamyna zyýan ýetirýär  we wagtynda lukmançylyk kömegi edilmedik ýagdaýynda käbir ýaramaz täsirleri bolup biler. Keseliň ilkinji alamatlary ýokuşandan 4–7 gün soň ýüze çykýar. Bu kesel dem alyş ulgamyny we merkezi nerw ulgamyny zeperlendirip, beýniniň çişmegine sebäp bolýar.

Ýanwar aýynda Nipah wirusynyň ýaýramagy Hindistanyň Kalkutta şäheriniň golaýynda hasaba alyndy.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär