DÜNÝÄ

Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» toparynyň janköýeri çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin öz ýurduna resmi sapar bilen gelen Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer bilen bolan duşuşygynda özüniň «Mançester Ýunaýted» futbol toparynyň janköýeri bolup durýandygyny belledi. Bu barada “X” sosial ulgamyndaky BRIKS akkaunty habar berýär.

Hytaýyň ýolbaşçysy iňliň toparynyň janköýeridigini döwlet ýolbaşçylarynyň Pekinde geçen ikiçäk duşuşygynda beýan etdi.

Si Szinpiniň şeýle hem beýleki toparlar bilen, hususan-da, “Arsenal”, “Mançester Siti” we “Kristal Palas” toparlary bilen hem gyzyklanýandygyny mälim edildi. Britan Premýeriniň bolsa, “Arsenal” toparynyň janköýeridigi bellenilýär.

Iňlis metbugatynyň habar bermegine görä, Starmer Si Szinpine “Mançester Ýunaýted” bilen “Arsenal” toparlarynyň duşuşygynyň futbol topuny sowgat berdi. Szinpin bolsa öz gezeginde myhmanyna bürünçden ýasalan at heýkelini sowgat etdi.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer 8 ýyldan soňra Hytaýa sapar bilen baran ilkinji iňlis hökümet ýolbaşçysy boldy.

Angliýanyň çempionatynda geçirilen 23 duşuşykdan soňra «Mançester Ýunaýted» topary 38 utuk bilen ýaryş tertibinde dördünji orny eýeleýär. Maýkl Kerrikiň ýolbaşçylygyndaky topar çempionatyň lideri bolan «Arsenal» toparyndan 12 utuk yza galýar.

Soňky 2 tapgyrda «Mançester Ýunaýted» topary iňlis çempionatynyň öňdebaryjylary “Arsenal” we “Mançester Siti” toparlaryny ýeňmegi başardy.

Ýene-de okaň

“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Öýde ýeke özi”: Kewiniň ejesi aradan çykdy

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar

Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer