BIZNES

Ankaranyň Söwda-senagat palatasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Ankara Söwda-senagat palatasynyň Başlygy Gürsel Baran bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler, hususan-da energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem azyk senagaty ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Türkiýäniň kiçi we orta telekeçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça, şol sanda telekeçileriň sergilere we dürli forumlara gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem özara bähbitli maýa goýumlaryny çekmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Related posts

«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi

Gazagystan türkmen telekeçilerini işewürlik saparyna çagyrýar

Türkmenistan Bitaraplygyň 30 ýyllygyna täze «Yutong» awtobuslaryny satyn alar