BIZNES

Owganystan telekeçilere wiza bermegi meýilleşdirýär

Owganystanyň hökümeti telekeçilere wiza bermegi meýilleşdirýär. Bu barada Owganystanyň söwda we senagat ministri Nuriddin Azizi habar berdi.

– Biziň hökümetimiz ykdysady, ikitaraplaýyn we sebit söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarly. Biz Owganystanyň geoykdysady ýagdaýynyň Owganystanyň we sebitiň peýdasyna has gowy ulanyljakdygyna ynanýarys – diýip, Nuriddin Azizi gazak-owgan işewürlik forumynda belläp geçdi.

Şeýle hem bu forumda çykyş eden Gazagystanyň wise-premýeri – söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangarin Gazagystanyň Owganystana un ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardygyny belledi. Onuň bellemegine görä, 2023-nji ýylyň 4 aýynda Owganystana Özbegistanyň üsti bilen 150,8 million dollar möçberinde 450 müň tonna un iberildi.

Gazak ministri Türkmenistanyň üstaşyr ýük gatnamalaryň boýunça gyzyklanma bildirýändigini we üstaşyr ýükleriň nyrhynda arzanladyş hem etmäge taýýardygyny belläp, Owganystana iberilýän harytlary bu ugurda hem daşamagyň mümkinçiliginiň döreýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar