Öň habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan kabul edilen täze karar esasynda, Türkmenistan raýatlaryny hem goşmak bilen birnäçe ýurduň raýatlary üçin “Visa Bond” (wiza üçin kepillik puly) talaby girizildi. Bu düzgün Türkmenistan raýatlary üçin 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girdi.
Şol habarda belleýşimiz ýaly, bond wizasy bolanlar ABŞ-a diňe öňünden bellenen howa menzilleri arkaly girip-çykmalydyr. Ilkinji tapgyrda şol howa menzilleri Size aşakdaky ýaly ýetiripdik:
Wiza bondy goýlan dalaşgärler ABŞ-a diňe aşakdaky howa menzilleri arkaly girip-çykmalydyr:
-
Boston Logan International Airport (BOS)
-
John F. Kennedy International Airport – Nýu-Ýork (JFK)
-
Washington Dulles International Airport (IAD)
Emma indi bu sanaw giňeldildi. 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, bond wizasy bilen girip-çykmaga rugsat berilýän howa menzilleri aşakdaky ýalydyr:
-
Boston Logan International Airport (BOS) – (20 Awgust 2025)
-
John F. Kennedy International Airport (JFK) – (20 Awgust 2025)
-
Washington Dulles International Airport (IAD) – (20 Awgust 2025)
-
Newark Liberty International Airport (EWR) – (1 Ýanwar 2026)
-
Hartsfield–Jackson Atlanta International Airport (ATL) – (1 Ýanwar 2026)
-
Chicago O’Hare International Airport (ORD) – (1 Ýanwar 2026)
-
Los Angeles International Airport (LAX) – (1 Ýanwar 2026)
-
Toronto Pearson International Airport (YYZ) – (1 Ýanwar 2026)
-
Montréal–Pierre Elliott Trudeau International Airport (YUL) – (1 Ýanwar 2026)
Bellemeli zat: ABŞ-dan çykylanda hem hut şu görkezilen howa menzilleri ulanylmalydyr. Başga howa menziller arkaly çykmak ýagdaýynda, çykylş doly hasaba alynman biler.
Türkmen raýatlary üçin näme üýtgedi?
Türkmenistan pasporty bilen B1/B2 (syýahat we iş) wizasy üçin laýyk hasaplanan dalaşgärler:
-
5 000, 10 000 ýa-da 15 000 ABŞ dollary möçberinde kepillik puly (bond) goýmalydyr
-
Kepillik puly wiza söhbetdeşliginde konsul tarapyndan kesgitlenýär
-
DHS Form I-352 doldurylmalydyr
-
Töleg diňe ABŞ-nyň resmi Pay.gov ulgamy arkaly amala aşyrylýar
Möhüm bellik: Kepillik puly goýulmagy wizanyň hökmany beriljekdigini aňlatmaýar. Konsul görkezmesi bolmazdan tölenen pullar yzyna gaýtarylmaýar. Şeýle-de bellemegi zerur: bu bond düzgüni talyp wizalaryna we beýleki wizalara degişli däl, diňe B1/B2 (syýahat we iş) wizalary üçin girizilendir.
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
