SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýyň raýatlary Russiýa 30 gün möhlet bilen wizasyz girip bilerler

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabryna çenli Hytaý raýatlarynyň 30 günden köp bolmadyk möhlet bilen Russiýa wizasyz baryp biljekdigi baradaky Permanlara gol çekdi. Hytaýa barýan Russiýanyň raýatlary üçin wizasyz tertip 15-nji sentýabrda güýje giripdi.

Wladimir Putin sentýabr aýynda Wladiwostokda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Siyasy býurosynyň agzasy, ählihytaý Halk wekiller ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Li Hunjžun bilen duşuşykda, Russiýanyň hem Hytaý Halk Respublikasynyň (HRR) raýatlary üçin wizasyz tertibi girizjekdigini habar beripdi.

Kremlde HHR-nyň Döwlet geňeşiniň premýeri Li Sýan bilen bolan duşuşykda Russiýanyň Lideri wizalaryň özara ýatyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda oňyn özgerişlikleriň bolmagyna mümkinçilik berjekdigini belläp geçdi.

Putin: “Biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine, elbetde, hytaýly dostlaryň Russiýanyň raýatlary üçin wizasyz tertibi girizmek baradaky karary hem ýardam berer. Biz bu hoşniýetli hereket üçin minnetdar. Biziň tarapymyzdan iň ýakyn wagtda Russiýa gelýän Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlary üçin şeýle çäreler güýje girer” diýip belledi.

Ýene-de okaň

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar