DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň arasynda telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, olaryň ýokary derejedäki ynanyşmaga esaslanýan yzygiderli syýasy dialogyň esasynda pugtalanýandygyny bellediler.

Türkmen-saud gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça gün tertibiniň möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler halkara we sebit derejedäki köptaraplaýyn düzümlerde, şol sanda BMG-niň we YHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

Gepleşiklerde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine aýratyn orun berildi.

***

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Angola Respublikasynyň daşary işler ministri Tete Antoniunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ileri tutulýan ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň, şol sanda taraplaryň başlangyçlaryna özara goldaw bermegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Söhbetdeşligiň esasy mowzuklarynyň hatarynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meseleleri boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy