Birden otyrkam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň diwaryndaky suratlar göz öňüme geldi. Meşhur taryhçylaryň suratlarynyň arasynda Hemra Ýusubowyň hem suraty bar. Şol ýerde ol barada ýazylan ýazgylary okanym ýadyma düşdi. Käbir ýazgylar häzirem ýadymda.
Hemra Ýusubow 1968-nji ýylda SSSR Ylymlar akademiýasynyň Mikluha-Maklaý adyndaky etnografiýa institutynyň ýanyndaky Horezm arheologiýa-etnografik ekspedisiýasynda «XIV-XV asyr Uzboý türkmenleri» atly temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar we Taryh ylymlarynyň kandidaty bolýar. Soňra 1991-nji ýylda Moskwanyň M.W. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň arheologiýa kafedrasynda «Demirgazyk-Günbatar Türkmenistanyň gadymy maldarlary» atly temadan doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Doktorlyk derejesini alanda oňa dünýä belli alym, Taryh ylymlarynyň doktory Ýelena Ýewdakimowna Nerazik: «Kandidat we doktor bolmaga jan etse her kimem bolup biler. Men seni derejeleriň bilen gutlaman, eýsem seni tutuş Horezm ekspedisiýasynyň açyp bilmedik medeniýetini bir özüň açmagyň bilen gutlaýan. Tolstow hemişe 1995-nji ýylda emir Mamun sag we çep kenar Horezmi birleşdirip haçan Köneürgenji paýtagt edendigini bilmeýär. Sen bolsa paýtagtyň hakyky ýerine gelendigini görkezdiň» diýip gutlag ýazypdyr. Dünýä belli alymyň bu gutlagy diýseň täsir etdi. Onsoň muzeýiň halypa işgäri Enejan gelnejä haýyş edip, Hemra Ýusubow hakyndaky arhiw ýazgylardan käbirlerini göçürip aldym: «…Onuň arman-ýadaman geçiren barlaglarynyň netijesinde Uzboýdan iki sany gadymy ýadygärlikleri açmak başartdy. Ol tapylan ýadygärlikler biziň eýýamymyzdan has öňki asyrlary öz içine alýar. Geçirilen barlaglarda Uly Balkan dagyndaky Gün ybadathanasy, Çolurgyrda ýerleşýän Içýanlydepe ýaly arheologik baý maglumatlaryň we ýadygärlikleriň üsti açylýar. Bu barlaglar diňe bir tapylmak bilen çäklenmän, eýsem olary haýrana goýýar.Ýagny ol ýerden tapylan şol döwre degişli tapyndylar bilen birlikde Müsürlileriň aýal hudaýynyň kiçijik heýkeli alymyň özüni-de haýrana goýýar. Bu tapyndylar bilen birlikde «Demirgazyk Hindistanda ýasalandyr» diýlip çaklanylýan monjuklar we nagyş bilen haşamlanyp Kawkazda ýasalan gap-çanaklar tapylýar. «Şeýle tapyndylar Türkmenistanyň çägine nähili düşüpdir?» diýen sorag ýüze çykýar. Haçanda ýadygärlikler giňişleýin öwrenilende birnäçe gaýtalanmajak gymmat baha we biziň günlerimize çenli abat ýagdaýda saklanyp gelen kagyzyň ýüzündäki «döwre degişli esasy çeşmedir» diýlip çaklanan şaýatlyklar, subutnamalar, tassyknamalar tapylýar».
Ine, bu maglumat bolsa, şeýle beýan edilipdir: «…Hemra Ýusubow depäniň golaýyndaky bir ýerde barlag geçirýär. Barlagyň netijesinde bir berk fundamentiň bolandygynyň üsti açylýar. Ol fundamentiň ýaşy kesgitlenende onuň has gadymy döwürlere baryp degýändigi ýüze çykarylýar. Şeýlelikde Köneürgenjiň taryhynyň has alyslara uzaýandygyny ýekeje ýerde geçirilen barlagyň üsti bilen doly anyklanyldy». Bu ýazgylary okap öz-özüm: «Şunuň ýaly gyzykly taryhy maglumatlary arheologyň öz dilinden diňlän bolsam kän zatlary öwrenerdim» diýip başymy ýaýkadym. Sebäbi arheolog Hemra Ýusubow bilen redaksiýada kän gabat gelýärdik. «Daşyndan agras häsiýetli görünse-de, ol arheologiýa ylmyndan düýpli baş çykarýan sada göwünli, köp gürlemezek, öz işine yhlasly ýapyşýan işjanly alym» diýýärdiler. Ol metbugat sahypalarynda yzygider çykyş ederdi. Şahsy arhiwimdäki «Edebiýat we sungat» gazetiniň käbir sanlarynda makalalarymyzyň bile çap bolan sanlary-da bar. Ýöne o mahallar arheologiýa üns bermämsoň, onuň ýeňil bolmadyk işinde bitiren hyzmatlary hakynda gyzyklanmandyryn. Indi ony ýakyndan tanaýan kärdeşleriniň gürrüňlerini diňlämsoň, ol barada dürli ýyllarda gazet-žurnallarda ýazylan makalalary okap, aýatda bar wagty onuň özi bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolmandygyma gynanýan. Ýogsa onuň zähmet weteranydygyny, 2007-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin», 2014-nji ýylda «Magtymguly» medallary bilen sylaglanandygyny, 2018-nji ýylda uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti hem-de ýurdumyzyň taryh ylmyny ösdürmekde bitiren işleri üçin «Türkmenistanyň Ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ada mynasyp bolandygyny bilýän. Ol ömrüniň altmyş ýyla golaýyny ylma bagyşlapdyr. Üç monografiýanyň, üç gollanmanyň, bäş ýüze golaý ylmy hem-de ylmy-köpçülikleýin makalalaryň awtory. Bu barada: «Onuň «Türkmenistanyň taryhynyň sahypalary. Gadymy döwürlerden araplaryň türkmen topragyna gelmeklerine çenli» atly kitaby 1997-nji ýylda Moskwada neşir edilýär. Bu kitap öz döwründe daşary ýurtlaryň tanymal alymlarynyň arasynda-da uly gyzyklanma döredýär. Onuň «Gadymy Horezmiň ýüregi», «Daşoguz welaýatynyň ýadygärlikleri», «Horezm we Gürgenç — täze açyşlar» atly kitaplary halkymyzyň taryhyny öwrenmekde özboluşly ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. Ol türkmen göreşi hakynda-da, ahalteke atlarynyň çapyşygy hakynda-da birnäçe makalalar ýazdy» diýlip, metbugatda çap bolan makalalarda-da aýdylýar.
Halkymyzyň öňünde şeýle uly hyzmatlary bitiren alym hakynda gürrüň bermegini haýyş edip ýakynda onuň iki şägirdine jaň etdim.
Ilki Balkan welaýat «Taryhy we ülkäni öwreniş» muzeýiniň uly ylmy işgäri, Taryh ylymlarynyň kandidaty Akbibi Gurbannazarowa bilen gürrüňdeş bolduk:
— Taryh ylymlarynyň doktory, akademik, professor Hemra Ýusubow beýik adamdy, ylyma teşne bolan diýseň talapkär alymdy. M. Itina, L. Lewina, Ý. Nerazik, Ý. Rapoport ýaly dünýä belli alymlar bilen bilelikde gadymy ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerine gatnaşýar. Ol ýurdumyzda geçirilen halkara ylmy maslahatlarda taryhymyza bagyşlanan ylmy makalalary bilen çykyş etdi. 1985-nji ýylda ol «Orta Aziýa arhitektura ýadygärlikleri» boýunça Parižde geçirilen ylmy maslahata gatnaşyp çykyş edýär. Şeýle hem Moskwada, Sankt-Peterburgda, Almatyda, Daşkentde, Aşgabatda we beýleki şäherlerde guralan ylmy-amaly maslahatlara gatnaşyp, türkmen arheologiýasyny ösdürmäge we halkymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmaga uly goşant goşdy.
Men oňa Hemra däde diýerdim. Hemra Ýusubow 1936-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Küýzeşöwür geňeşliginde doglan. Çagalygy 1941-1945-nji ýyllaryň uruş döwrüne gabat gelýär. Ol (kakam) dädem bilen deň-duşdy. Häzirki Türkmenbaşy şäherindäki Magtymgulynyň adyny göterýän 2-nji orta mekdepde dädem bilen bileräk okaýar. 1955-nji, 1960-njy ýyllarda ol şu wagtky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh we hukuk fakultetinde okaýar. «Okuwçy döwrümizde Hemra Ýusubow kartany özi döreden ýaly suwara bilýärdi. Şo mahallar mekdepde geçirilýän gurnaklara gatnaşyp sahna oýunlarynda bile çykyş ederdik. Hemra kiçiliginden taryhy gowy görerdi. Men bolsa lukmançylyk ugruna höwes etdim. Orta mekdebi tamamlap men-ä lukmançylyk ugrundan, Hemrada taryh ugrundan okamak üçin Aşgabada okuwa gaýtdýk. Herimiz öz saýlan ugrumyzdan okadyk, hünärli bolduk» diýip dädem gürrüň berýär.

Talyp döwrüm Annageldi Gubaýewiň elinde okadym, ýöne maslahat sorap Hemra Ýusubowyň ýanyna kän barýardym. Ilkinji gezek maslahat sorap baranymda ol hyýrsyzlyk bilen kabul etdi. Barybir ylym ýoluny saýlasaň halypalaryň maslahaty gerek. Şonuň üçin ikinji gezek çekinsemem, özüme döz gelip ýene-de ondan maslahat soramak üçin iş otagyna bardym. Bu gezek ol mähribanlyk bilen kabul etdi. Geň galdym. Şonda men ondan:
— Hemra däde, geçen gezek maslahat sorap gelenimde, bu gezekkiňiz ýaly kabul etmediňiz? — diýip soradym. Ýylgyrdy-da:
— Wagt ýitirip öwredenime degýän şägirtmi? Ylym ýolunyň ezýetine çydajakmy, çydamajakmy men ony hökman synagdan geçirýän. Diýmek ýüzüni gazap bilen darap alanymda-da, ylym üçin özüne dözüp gaýtadan gelip bilýän bolsa ol hakyky ylym adamsy» diýip düşündirdi. Soňra-da ol özi bilen bagly şeýle gürrüň berdi:
— Men çarwadar maşgalada doglan. Gyrkym döwründe dädem mallary gyrkanda goýun güýülýärdim. Soň ýokary okuw mekdebiniň talyby boldum. Sentýabr aýynda okuwa başladym. Bir az wagt geçdi welin, mallaryň güýz gyrkym wagty başlandy. Dädeme kömek gerekdir — diýip, dynç günlerime gabatlap rugsat aldym-da oba bardym. Dädeme kömekleşip durkam obadaş ýaşululaň biri ýanymyza geldi-de, dädemden:
— Ogluňyz ýokary okuw jaýyna okuwa girmedimi? — diýip sorady.
— Girdi.
— Onda näme, eýýäm okuwyny taşlap bärde aýlanyp ýör. Okuwy bilen bolmaly eken-dä. Beýdip okuwyna üns bermän ýörşi bilen, nirede bilim alsa-da il-güne peýdaly iş bitiresi ýok — diýip igendi. Şol sözler maňa gaty uly sapak boldy. Namys edip, soň diňe okuwym bilen boldum. Özümi halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlarym bilen ykrar etdirmegi maksat edindim — diýdi. Onuň bu sözleri meniň üçinem uly sapak boldy.
Hemra Ýusubow ylym ýolbaşçym bolmasa-da, bu ugurdan maňa gözükdiriji boldy. Ylmy işimi beýleki alymlaram okady, ýöne Hemra Ýusubow ilkinji bolup okan alym. Onuň aýratyn bir häsiýeti bardy. Ylmy işiňi okansoň, göwnüne laýyk däl ýerini bellik edip galam bilen çyzyp goýardy. Nähili düzediş girizmelidigini aýtmazdy. «Özüňiz pikirleniň, men pikirimi aýtjak bolsam, o ýerde siziň pikiriňiz nämä gerek? Sen öz täze pikiriň bilen düzet. Her kim okap bir pikir bilen bellik eder, ýöne düýp özeninde öz pikiriňizi ýitirmäň. Alym öz pikiri bilen orta çykmalydyr» diýerdi. Soň ýene ylmy işiňi okap bolansoň, öz aýdan belliklerini düzedendigiňi görüp: «Ýerlikli düzedişler girizilipdir» diýip, syn ýazanda işiň şowly gitmegi üçin alada ederdi. Ylma ymtylşyň bar bolsa ugrukdyrardy. Ol örän işjanlydy. Işe ir gelerdi. Halypalar Ata Jykyýew, Ýegen Atagarryýew, Hemra Ýusubow dagy Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynda köp oturardylar. Ata aga işine welosipedli gelerdi. Welosipedi zalda durardy. Kimdir biri Ata aganyň işe gelenini-gelmedigini sorasa Hemra Ýusubow gapydan serederdi-de: «Zalda «žigulisi» bar, işe gelipdir» diýip degişme bilen jogap bererdi. Hemra aga ýokary okuwy gutaryp işe galdy-da, Aşgabatda ýaşady, ýöne ömrüniň soňky günlerinde: «Bakyýete göç etsem, Küýzeşöwürdäki öwülýada jaýlaň!» diýip, hossarlaryna sargyt edipdir. Şonuň üçin dogduk obasyndaky gonamçylykda jaýlandy. Ol 2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda dünýeden gaýtdy. Imany hemra bolsun, halypanyň! Ylmy işim üçin alan temama aýratyn baha beripdi. «Tagma» diýen ýekeje sözden uly bir ylmy iş alyp barýaň. Şu ugurdan her welaýatlardan öwrenýän adam ýüze çyksa gowy boljak» diýip uly ynam bildiripdi. Arman ol kandidatlyk işimi goranymy görüp bilmedi. Şoňa gynanýan — diýip ýatlady.
Soňra ýaş döwründe türkmen göreşi boýunça ýurdumyzyň çempiony bolan, taryhçy Taýça Taýçaýew bilen söhbetdeş bolduk: Ol:
— Men oňa «Hemra däde» diýerdim. Onuň bilen ekspedisiýalaryň birnäçesine gatnaşdym. Ol Balkan degresinden tä Sarygamyş kölüne çenli pyýada gezen alym. Köneürgençde-de kän işledi. Uzboý medeniýetiniň Hazaryň gündogar kenaryndan Sarygamyş kölüne çenli ýerlere ýaýrandygyny anyklady. Aşgabada gelemde onuň ýanyna kän barardym. Ol: «Meniň bilen görüşjek bolsaň daňdan sagat altydan dokuza çenli aralykda gel. Soň iş bilen çykamsoň, meni tapmak kyn bolar» diýerdi. Hakykatdanam ol eýýäm şäher ilaty oýanmanka işe çykyp giderdi. Iş otagyndaky stolunyň üstünde kagyz galam ýaýrap ýatandyr. Ähli ýazýan zatlary gözi bilen görüp şaýat bolan pursatlary hakynda bolansoň, janly ensiklopediýady. Ol köplenç halypasy, Türkmenistanyň taryhyny öwrenmekde uly iş bitiren Aleksandr Aleksandrowiç Maruşenkony ýatlardy. «Hakyky arheolog, hakyky alym Aleksandr Aleksandrowiç ýaly bolmaly» diýerdi. Alymyň ylmy mirasy, türkmen topragyna we halkyna bolan söýgüsi barada gürrüň bererdi. Halypasy bilen geçen asyryň 60-njy, 70-nji ýyllarynda ençeme arheologik ekspedisiýalara gatnaşyp, türkmeniň şöhratly taryhyna degişli täze-täze ylmy açyşlary amala aşyrdy. Halkymyzyň maddy we medeni mirasyny, taryhyny, gadymy ýadygärliklerini öwrenmekde uly işleri bitiren meşhur alymlar bilen bile işleşip türkmen arheologiýasyny ösdürmäge saldamly goşant goşdy. Alymyň işleri daşary ýurtlaryň hem ylmy neşirleriniň onlarçasynda çap edildi.
Talyp döwrüm 1974-nji ýylda Hemra Ýusubowyň ýolbaşçylygynda Orta Aziýanyň we Gazagystanyň talyplarynyň arasynda arheologiýa boýunça ylmy-amaly konferensiýa geçirildi. Şonda men ýeňiji boldum. Soň Moskwada geçirilen Bütinsoýuz ylmy-amaly konferensiýa gatnaşdym. Hemra Ýusubow gaty kän degerli maslahatlar berdi. Konferensiýada çykyş etjek dokladyňy giňelt» diýip öwretdi.
Ýokary okuw mekdebinde okaýarkam türkmen arheologiýasynyň kerwenbaşysy Ýegen Atagarryýewiň ýolbaşçylygynda «Misserýan düzlüginiň irki orta asyr ýadygärlikleri» atly temadan diplom iş ýazdym. Şonda-da Hemra Ýusubow kän maslahat beripdi. Hemra Ýusubow bilen bagly bir pursady ýatlasym gelýär. Bir gezek ol Kerpiçli taryhy arheologik ýadygärliklerinden tapylan, örän taryhy gymmatly maglumatlary berýän gadymy küýzäni tapyşy barada gürrüň berdi: «Men gadymy Kerpiçli taryhy-arheologik ýadygärlikleriň umumy tutýan meýdany bilen tanyşmak üçin, onuň daş-töweregine ser salyp, üsti ürgün çäge bilen gömlen gadymy ýadygärlikleriň belent depesine çykdym. Şol ýerde aýagymyň aşagynda çäge syrgyny bilen gömlüp çalaja bokurdagy görnüp duran keramikany gördüm. Emaý bilen üstüni arassaladym. Şeýdibem ine, şu gadymy küýzäni çykaryp elime aldym» diýip gürrüň berdi. Öz tapan şol gadymy küýzesini maňa gowşurdy. Menem öz gezegimde gadymyýetden gelen şol küýzäni alym arheologymyzyň adyndan welaýatymyzyň «Taryhy we ülkäni öwreniş» muzeýine tabşyrdym. Bu barada Balkan gazetiniň 2008-nji ýylyň 16-njy awgust sanynda «Täsin tapyndy» at bilen makala-da ýazypdym — diýip gürrüň berdi.
Bu maglumatlary dürli ýyllarda metbugat sahypalarynda ol barada ýazylan makalalardan aldyk. «Hemra Ýusubow zähmet ýoluna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we etnografiýa institutynda kiçi ylmy işgär bolup işe başlaýar. Ol 1964-nji ýylda aspirantura okuwa girýär. Aspiranturada okan döwürlerinde S.P. Tolstowyň ýolbaşçylygynda Horezm ekspedisiýasyna gatnaşýar. 1969-1972-nji ýyllarda ol TYA-nyň Şaja Batyrow adyndaky Taryh institutynyň arheologiýa bölüminiň uly ylmy işgäri, 1973-1997-nji ýyllarda şol institutyň arheologiýa bölüminiň ilkidurmuş arheologiýasy bölüminiň müdiri wezipelerinde işleýär. 1998-2006-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh institutynda, 2007-2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň we gündogar halklarynyň medeni mirasy döwlet institutynda, 2009-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň «Gadymy döwrüň taryhy» bölüminde işleýär. Ol ylmy işini ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplara bilim bermek bilen utgaşykly dowam edýär. 1997-2004-nji ýyllarda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, 2004-2013-nji ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetinde, 2014-2018-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplara sapak berýär. Arheolog alym esasy işiniň daşyndan 2000-2002-nji ýyllarda «Türkmenistanyň Prezidentiniň daş-töweregi goramak hereketiniň milli meýilnamasyna (DTGHMM) maglumat taýýarlamak üçin döredilen «Türkmenistanyň tebigy we medeni ýadygärlikleriniň taslamasy» toparyna, 2010-2012-nji ýyllarda «Türkmen kölüniň Zeýakaba ulgamynyň ugrundaky tebigy, taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek» atly ylmy barlag iş taslamasyna ýolbaşçylyk etdi.
Alym öz döwründe sportuň güýçli pälwany bolupdyr. Ol türkmen milli oýunlaryny, sporty wagyz etmekde-de uly hyzmat bitirýär. Şu ýerde «Diýar» žurnalynyň 2020-nji ýylyň 6-njy sanynda çap bolan «Ylma bagyşlanan ömür» atly makaladan bir parçany göçürip aldym: «…Pälwan arheologyň bir gürrüňini ýatlasym gelýär. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň biri oňa: «Mugallym, siz ýaşkaňyz uly pälwan ekeniňiz, göreşde ýagyrnyňyzyň ýere degen pursady boldumy?» diýip sorag berýär. Alym: «Pälwan ýeňlen ýerinden köp zat öwrenýär» diýip jogap berýär. Ol: «Toýlaryň birinde göreş tutuldy.Tanyş deň-duşlarymyň biri meni orta çagyrdy. Ony öňki göreşlerde telim gezek ýykypdym. Onuň güýjüniňem, emeliniňem asgyndygyny bilip, oýna salybrak: «Ýeri, onsoň bu gezek haýsy emel bilen ýykaýyn» diýip soradym. Tutluşyk başlandy. Ne döw çalanyny bilmedim. Ol meni ýykdy oturyberdi. Ine, şonda bir gezek ýykyldym. Şol gezekki göreşde meni bäsdeşim däl-de, öz men-menligim ýykdy. Bu wakany sapak edindim. Şondan soň bir gezek hem ýeňilmedim» diýip, gürrüňden soň alym: «Şuny siz-de sapak ediniň!» diýen manyda dymdy.Ýeri gelende bellemeli zat, ol hem onuň göreş äleminde «gara döw» lakamy bolupdyr».
Elbetde, Hemra Ýusubow hakynda ýazylan göwrümli makalalar kän. Olardan öwrenere zat köp. Şu makalany taýýarlamak bilen alym hakynda azajygam bolsa käbir maglumatlary öwrendim. Geljek ýyl onuň doglan gününiň togsan ýyllygy. Meşhur halypany başardygymyzdan ýatladyk. Ruhy şat bolsun!
Akgül Saparowa.
