BIZNES

Türkmenistan Belgradda geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä sergisine gatnaşar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň milli pawilýonynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar astynda gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini aýtdy hem-de Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegi we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

«Motoroladan» täze döwrebap akylly telefon

Ata Watan Eserleri

“Balşeker” haryt nyşanly konditer önümleri Täjigistana eksport ediler

Osaka şäherinde türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi