Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) 24-nji ministrler maslahaty geçirildi we bu forumda Aziýanyň ösüş bankynyň (ABÖ) prezidenti Masato Kanda çykyş etdi.
Gyrgyz Respublikasy tarapyndan guralan iki günlük duşuşyk Merkezi Aziýa boýunça hyzmatdaşlygy öňe sürmek üçin ministrleri, ýokary derejeli wekilleri we ösüş boýunça hyzmatdaşlary bir ýere jemledi. Bu foruma maliýe ministriniň orunbasary B.Weliýewiň we Döwlet Gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Wasiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Kanda Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikde uly görkezijileri gazanýandygyny belläp, CAREC maksatnamanyň 2001-nji ýyldan bäri, ABÖ-nyň maliýeleşdirmegi we bilelikde maliýeleşdirmegi arkaly 19 milliard dollary goşmak bilen, takmynan 54 milliard dollar maýa goýumlaryny özleşdirmekdäki ornuny nygtady. Bu serişdeler täze iş orunlaryny döretdi we durnuklylygy ýokarlandyrdy.
Kanda maksatnamanyň esasy üç ugur boýunça gazanan üstünliklerine baha berdi.
Maliýeleşdirme
ABÖ sebitara baglanyşyklary, arassa energiýany, sanly özgerlişi we ählumumy infrastrukturalary ösdürmek üçin 2030-njy ýyla çenli 10 milliard dollardan gowrak maýa goýmak meýilnamalaryny yglan etdi. Bu serişdeleri söwdany optimizirlemäge we hemmeler üçin deň peýdalary üpjün etmäge gönükdirilendir.
Esasy başlangyç, ABÖ 2025-nji ýyldan 2028-nji ýyl aralygynda 18 taslama üçin takmynan 4 milliard dollar göz öňünde tutýar. Bu tagallalar söwda, ulag we logistika ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, harytlaryň we adamlaryň hereketini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. (Bu ugur Azerbaýjandan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyz Respublikasyndan we Hytaýdan geçýär).
Energetika pudagynda, ABÖ gidroenergetika babatdaky iki sany uly taslama: Täjigistandaky Rogun taslamasyna we Gyrgyz Respublikasyndaky Kambarata gidroelektrik Stansiýasy-1 üçin 800 million dollardan gowrak serişde iberýär. Mundan başga-da, bank Gazagystana we Özbegistana “Hazar ýaşyl energetika geçelgesi” taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyryşyny geçirmäge goldaw berýär – bu Merkezi Aziýadan Ýewropa arassa energiýa eksportyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçdyr.
