Türkmenistanyň içeri işler ministri M. Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Içeri işler ministrleriniň dördünji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Bu duşuşygyň resmi açylyş dabarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem gatnaşdy. Bu duşuşyk Tährandaky Sammitler zalynda geçirildi we 15 ýyllyk aradan soňra geçirilen duşuşyk Guramanyň sebit gatnaşyklaryny giňeltmek we agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky syýasatyna laýyk geldi.
Prezident Pezeşkian çykyşynda YHG sebitinde infrastruktura we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtap, Içeri işler ministrliklerini “durnuklylygyň we ykdysady durnuklylygyň esasy diregleri” diýip atlandyrdy. Ol bikanun migrasiýa, neşe söwdasy we terrorçylyk ýaly howplary belläp, sebitleýin howpsuzlyk meselelerine garşy bilelikdäki howpsuzlyk mehanizmlerini döretmäge çagyrdy.
Duşuşyga Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistanyň ministrleri we ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Omanyň Içeri işler ministri hem-de Yrakynyň Içeri işler ministriniň orunbasary myhman wekiller hökmünde çärä gatnaşdylar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariaty YHG-niň Baş sekretary tarapyndan wekilçilik edildi.

Eýranyň içeri işler ministri Eskandar Momeni çykyşynda polisiýanyň mümkinçiliklerini we tejribesini ulanmagyň, agza döwletleriň arasynda maglumat alyşmagyň wagtynda we netijeli üpjün edilmeginiň, şeýle hem terrorçylyga we serhetara guramaçylykly jenaýata garşy halkara polisiýa hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady.
YHG-nyň Baş sekretary Doktor Asad M. Han uzyn arakesmeden soň duşuşygyň täzeden geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, Guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda hukuk goraýjy edaralar boýunça hyzmatdaşlygy institusional taýdan ösdürmekde möhüm öňegidişlik gazanylandygyny, ýüze çykýan howpsuzlyk meselelerine garşy göreşmek we sebitleýin integrasiýany goldamak üçin yzygiderli hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy.
Ministrler YHG-nyň sebitleýin hukuk goraýjy ulgamda hyzmatdaşlyk boýunça ýerine ýetirilen işleri öz içine alýan hasabatyny, serhetara guramaçylykly jenaýatyň öňüni almak we bilelikdäki hereket mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça tagallalaryny gözden geçirdiler. Duşuşyk, gatnaşýan döwletleriň umumy borçnamalaryny we geljekki ädimlerini kesgitleýän Tähran Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.
Ministrler derejesindäki duşuşygyň çäginde YHG-nyň Baş sekretary Doktor Asad M. Han Azerbaýjanyň içeri işler ministriniň orunbasary Ismat Aliýew hem-de Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow bilen aýratyn duşuşyklar geçirdi. Taraplar guramanyň çäginde dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
