SPORT

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 28 ýurt belli boldy

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolýan ýurtlaryň sany yyzgiderli köpleýär.

Häzirki wagtda dünýäniň iň iri sport ýaryşyna gatnaşmak üçin Aziýa, Ýewropa, Afrika, Amerika yklymlarynda saýlama tapgyrlary geçirilýär.

Soňky geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça Ýewropadan Angliýa, Aziýadan Katar bilen Saud Arabystany, Afrikadan bolsa, Günorta Afrika Respublikasy, Senegal we Şyrmaýy Kenar Respublikasy gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Angliýanyň milli ýygyndysy 17-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşýar. Dünýä çempionatyna gatnaşmakda Braziliýa rekordyň eýesidir. Braziliýanyň milli ýygyndysy 23 gezek dünýä çempionatyna gatnaşdy. Aziýa yklymyndan Saud Arabystany 7-nji gezek dünýä çempionatynda oýnar.

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 48 ýurduň milli ýygyndysyndan 28-si belli boldy.

Geljek ýyl bu dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.

 

Ýene-de okaň

“Arsenal” 20 ýyldan soňra finala çykdy

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar