SPORT

Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolup biler

Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasy (ÖFA) dünýä çempionatynyň ýeňijisi we 2006-njy ýylyň iň gowy futbolçysy bolan meşhur italýan hünärmeni Fabio Kannawaro bilen gepleşikler geçirýär. Bu barada ÖFA-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Gurama görä, Kannawaro taryhynda ilkinji gezek 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen işlemek üçin esasy dalaşgär hökmünde seredilýär.

“Bu taryhy netije milli futbolyň ösüşinde täze sahypa açýar we indiki ileri tutulýan maksatnama ýaryşa düýpli taýýarlyk görmek we Dünýä çempionatynda mynasyp çykyş etmek bolar. Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasy ähli ugurlar boýunça ulgamlaýyn iş alyp barýar. Hususan-da, halkara tejribesi bolan hünärmenleri, şol sanda Dünýä çempionatlaryna eýýäm gatnaşanlary çekmek boýunça tagallalar dowam etdirilýär” diýlip, habarda aýdylýar.

2-nji oktýabrda abraýly futbol habarçysy Fabrisio Romano Fabio Kannawaronyň Özbegistanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmäge razylyk berendigini habar berdi.

Žurnalistiň maglumatyna görä, 52 ýaşly hünärmen 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty üçin Özbegistanyň milli ýygyndysyny taýýarlar.  Şertnamanyň şertleri ylalaşyldy, resmi gol çekişmäniň ýakyn wagtda bolmagyna garaşylýandygy bellenildi.

Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasy hünärmene bir ýyllyk, dört ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen şertnama teklip etdi. Häzirki tälimçi Timur Kapadzeniň dünýä çempionatynda Kannawaronyň kömekçisi bolmagyna garaşylýar.

Kannawaro ozal Hytaýyň “Guangzhou Evergrande”, Saud Arabystanyň “Al-Nasr”, Italiýanyň “Benewento” we “Udinese”, şeýle hem Zagreb şäheriniň “Dinamo” klublaryna tälim berdi.

Metbugat habarlaryna görä, futbol assosiasiýasy ozal Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi Ýoahim Lowi çagyrmagy meýilleşdiripdi, ýöne bu teklibi kabul etmedi. Portugaliýanyň we Günorta Koreýanyň tälimçisi Paulu Bentu bilen gepleşikler hem başa barmady.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradowa ýeňiş gazanmak başartmady

Özbegistan bilen Azerbaýjan 2027-nji ýylda dünýä çempionatyny kabul eder

FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň resmi topuny tanyşdyrdy

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy