JEMGYÝET

ABŞ-nyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary işler ministri Marko Rubio Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady. Bu barada ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Hususan-da, Marko Rubionyň gutlagynda şeýle diýilýär: 

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň adyndan, Türkmenistanyň halkyny 27-nji sentýabrda Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny baýram edýän pursadynda tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine goldaw bermekdäki ygrarlylygyny berk saklaýar. Biz iki halkymyzyň umumy bähbitlerini öňe ilerletdik, munuň içinde sebitara bähbitler boýunça hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmek we esasan-da, “B5+1″ Işewürlik Forumynyň üsti bilen özara ykdysady ösüşi giňeltmek bar. Biz şu ýyl “C5+1″ diplomatik platformasy arkaly Türkmenistan bilen parahatçylygy we abadançylygy öňe sürmegimiziň on ýyllygyny belleýäris. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen geljekde hem köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyga garaşýar.

Garaşsyzlyk günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp hem Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberipdi.

 

Donald Tramp Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy