JEMGYÝET

Donald Tramp Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen bäri ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Biz Siziň ýurduňyzyň özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, Garaşsyzlygyny üýtgewsiz we berk goldaýarys hem-de Siziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyňyza hormat goýýandygymyzy beýan edýäris.

Sebit wehimlerini çözmek, biziň döwletlerimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Siziň bilen mundan beýläk-de bilelikde işlemegimize umyt edýärin. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna we çuňlaşdyryljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn.

Size hem-de Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de üstünlik, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Donald TRAMP,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

Related posts

Türkmenistanyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Liderini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri