DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Russiýada döwlet saparynda bolar

Döwlet Baştutanlary gazak-rus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşyp, onuň strategik hyzmatdaşlyk we ýaranlyk ruhunda yzygiderli ösýändigini belläp geçdiler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ylalaşyklaryň, şol sanda energetika, senagat we ulag ulgamlary boýunça ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine seredildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeň ösýändigi aýratyn bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gazagystanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle hem, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Related posts

Iň köp gazanan baş direktor

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Ata Watan Eserleri