JEMGYÝET

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

 9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze Döwletli mekan obasynda 400 sany ýaşaýyş jaýy bolup, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy ýaş nesillere gujagyny giňden açdy. Bu ýerde gurlan söwda merkeziniň, geňeşligiň edara binalarynyň döwrebaplygy, ähli amatlyklaryň döredilendigi özüne çekýär.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagyndaky: «Biz ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli strategiýadan ugur alyp, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň, dynç alyş merkezleriniň we seýilgähleriň gurluşygyny geljekde-de dowam etdireris» diýen ganatly sözleri dabara gatnaşanlaryň ruhuny has-da belende galdyrdy. Munuň özi ýurdumyzda adam hakynda, maşgala babatda edilýän üns-aladanyň dowamlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Ajaýyp zamanamyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna barha ýakynlaýan günlerimizde täze jaýlara göçüp baran ildeşlerimiz birek-biregi «Ýurt garşy alsyn!», «Düşümli jaý bolsun!» diýip mübäreklediler. Olaryň her biri halkymyza eşretli zamanany peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy