DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gazagystan sebit hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistanyň Balkn welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gazagystanyň Mangistau oblastynda saparda bolup, bu sebitiň häkimi Nurdaulet Kilybaý bilen duşuşdy. Duşuşykda 2025-2027-nji ýyllardaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamasy we sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazak sebitiniň ýolbaşçysy özara hyzmatdaşlygy ösdürmek ähli mümkinçiliklere eýediklerini belläp, şeýle diýdi:

– Döwlet Baştutanlarymyzyň özara saparlary Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Biz Mangistau sebiti bilen Balkan welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldaýarys. Nebitgaz, logistika, oba hojalygy, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda giň mümkinçilikler bar. Esasy maksat – anyk taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Biz muňa taýýardyrys.

Şeýle hem taraplar sebitde ýaşaýanlar üçin 5 günlük wizasyz düzgüniň täzeden dikeldilmek başlangyjyny goldadylar we munuň ynsanperwer, medeni we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigini bellediler.

Taraplar sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin bilelikdäki anyk taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň bu sebitiniň arasynda söwdanyň möçberi 19 göterim artdy. Şeýle hem sebitde 20 sany bilelikdäki kärhana hereket edýär. Gazagystanyň bu sebitinde Türkmenistandan 35 talyp bilim alýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi