JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidenti Awaza geldi

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew “Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan” ýokary derejdäki üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça bu saparyny amala aşyrýar.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman türkmen myhmansöýerligi bilen garşylandy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew we beýleki resmi adamlar garşylady.

Related posts

Aşgabat Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşine taýýarlyk görýär

Prezident Ärdogan türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady