Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndysy Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) aýlyk täzelenýän umumy sanawynda ilkinji gezek dünýäniň iň güýçli 50 milli ýygyndysynyň hataryna girdi.
Bu üstünlik köp ýyllara daýanýan maksatlaýyn işleriň miwesidir. Mundan üç ýyl ozal hem zenanlar ýygyndymyz bu sanawyň 105-nji basgançagyndady. Geçen ýylda 70-nji orna çenli ösüş gazanan ýygyndy toparymyz taryhynda ilkinji gezek dünýäniň güýçli ýygyndylarynyň ilkinji 50-ligine girdi.
Hünärmenler tälimçi saýlawynda we taýýarlyk işlerinde jogapkärçiligiň ýokarlanmagyny, ýaş zehinleri milli ýygyndy bilen işjeň baglanyşdyrmagyň täze usullarynyň girizilmegini, okuw-türgenleşik işleriniň döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirilmegini, toparlar düzülende sportuň ýörelgelerine berk eýerilmegini hem-de halkara ýaryşlarda psihologlaryň kömeginden peýdalanylmagyny şeýle ösüşiň möhüm sebäpleriniň käbirleri hökmünde görkezýärler.
Ýygyndy toparymyzyň gazanan üstünlikleriniň aňyrsynda baş tälimçi Şahruh Turaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler toparynyň tutanýerli zähmeti bar. Onuň şägirtleriniň arasynda 15 ýaşly gyzlaryň arasynda FIDE-niň ussady Jahan Rejebowa (şahsy görkezijisi — 2152) we 19 ýaşly Lala Şöhradowa (şahsy görkezijisi — 2151) ýaly zehinli küştçüler hem bar. Olar Türkmenistanyň iň gowy küştçüleriniň sanawynda ilkinji iki orny eýeleýärler.
Zenanlar ýygyndymyz ýatdan çykmajak ýeňişleriniň birini 2024-nji ýylyň sentýabrynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda gazanypdy. Şonda toparymyz «C» derejesinde birinji orny eýeläp, kiçi altyn medala mynasyp boldy, umumy sanawda bolsa 32-nji orunda ýerleşdi. Bu netijäniň gazanylmagynda olimpiadanyň öňüsyrasynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen we dünýäniň meşhur grossmeýsteri Wasiliý Iwançugyň gatnaşan okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary uly ähmiýete eýe boldy.
Ýeri gelende aýtsak, geçen aýda türkmen küştçüleri 3-nji Merkezi Aziýa çempionatynda hem uly üstünlik gazandylar. Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen çempionatda toparymyz ikinji orny eýeläp, dürli ýaş derejelerinde (8, 10, 12, 14, 16 we 18 ýaşa çenli) umumylykda 6 medal gazandy.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy zenan küştçülerimiziň 2026-njy ýylda Samarkant şäherinde geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasynda dünýäniň ilkinji 40 milli ýygyndysynyň hataryna girjekdiklerine ynanýar.
