“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň hökümet wekilleriniň derejesinde duşuşyk geçirildi.
“Report” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, bu barada Azerbaýjanyň Ministrler Kabineti maglumat ýaýratdy.
Duşuşykda Hazar deňzinde bolup geçýän üýtgeşmeleriň ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin bilelikdäki işleriň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafayew suwuň derejesiniň pese gaçmagynyň sebitde uly aladalary döredýändigini belläp, bu meseläniň Azerbaýjanyň Prezidentiniň tarapyndan 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen sammitde gozgalandygyny ýatlatdy. Şeýle hem, onuň aýtmagyna görä, Bakuwda bäş taraplaýyn hünärmenler toparynyň ilkinji duşuşygyny guramak boýunça taýýarlyklar dowam edýär.
Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda Hazar deňziniň ekoulgamynda bolup geçýän üýtgeşmelere degişli durmuş-ykdysady we ekologik taraplar giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Suwuň derejesindäki üýtgeşmeleriň kenarýaka sebitlerde ýaşaýyş şertlerine we sebit ösüşine ýetirip biljek täsirleri üns merkezinde boldy.
Şahin Mustafayew şeýle hem, suwuň derejesindäki üýtgeşmeleriň ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin ylmy-barlag hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň, balykçylyk, gämi gatnawy we biologik dürlülik ulgamynda bilelikdäki maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Hazar deňzinde bolup geçýän üýtgeşmeleri öwrenmek üçin umumy ülňüleri we çemeleşmeleri döretmäge mümkinçilik berjek köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmini işläp taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi.
