DÜNÝÄ

Bagdad Amreýew Özbegistanda saparda bolar

30-31-nji maýda Türki Döwletleriň Gurmasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew Özbegistanda saparda bolýar. Bu barada ýerli metbugatda habar berilýär.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Türki Döwletleriň Gurmasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew saparynyň çäklerinde birnäçe ministrliklerde we pudak edaralarynda gepleşikler geçirer. Şol gepleşiklerde gurama bilen Özbegistanyň arasynda dürli ugurlardaky gatnaşyklar maslahatlaşylar.

Şeýle hem guramanyň Özbegistanda geçiriljek ýokary derejeli sammitine görülýän taýýarlyklar baradaky meselelere garalar.

Mundan başga-da, Özbegistanda guramanyň ulag ministrleriniň hem-de oba hojalyk ministrleriniň geňeşiniň mejlisleri boýunça pikir alyşmalar bolar.

Üstümizdäki ýylda Türki Döwletleriň Gurmasynyň Oba hojalyk forumy bilen bir hatarda birnäçe çäreleri Özbegistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Aşgabatdan Dubaýa ilkinji adaty halkara uçary uçdy

Related posts

Türkmenistanyň deputatlary ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar

Ilk Inşaat : Türkmenistanda işlemek örän ýakymly

vepa

Gülüstan welaýatynda Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre

Ata Watan Eserleri