DÜNÝÄ

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Türkmenbaşa geldi

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegi dowam edýär.

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin Türkmenbaşy şäherine geldi.

Hormatly myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Gazagystanyň wekiliýetiniň bu möhüm halkara forumyna gatnaşmagy iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we maslahatyň gün tertibindäki meseleler boýunça netijeli çözgütleri işläp düzmäge goşant goşar.

Related posts

Yragyň elektroenergetika ministri Türkmenistana geler

Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawy

«Financial Timese» görä ýylyň adamy…

vepa