BIZNES

Polşada ýurduň taryhynda iň uly nebit we gaz käni açyldy

Polşanyň demirgazyk-günbatarynda, Şesina şäheriniň golaýynda ýurduň taryhynda iň uly nebit we gaz käniniň tapylandygyny “Central European Petroleum” (CEP) kompaniýasy habar berdi.

Kän Baltika deňziniň kenarynda Şesina şäheriniň ýanynda ýerleşýär. Kompaniýanyň beýanatyna görä, kän 22 million tonna nebit we 5 milliard kubometr harytlyk derejesindäki tebigy gazy öz içine alýar.

Käniň jemi nebitiň ätiýaçlygy takmynan 33 milliard tonna, gazyňky bolsa 27 milliard kubometr diýlip çaklanylýar.

Ilkinji burawlanan guýy — Wolin East 1 — 9,5 metr çuňlukda gurlupdyr. Buraw işleri fewral aýynda tamamlanýar.

CEP-niň ýolbaşçysy Rolf G. Skaar bu açyşy kompaniýa we Polşanyň energetika pudagy üçin taryhy pursat diýip atlandyrdy.

“Central European Petroleum” — paýnamalarynyň esasy bölegi norwegiýalylara degişli bolan kanadaly kompaniýa.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler