DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy, şeýle hem sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, gurluşyk işinde nyrh emele getirmek, tokaý hojalygy hem-de tokaý senagaty we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga degişli birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Şol bir wagtyň özünde mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň dowamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny (2021–2025) amala aşyrmak boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi