SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabadyň Halkara howa menzili multimediýa ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzili ýolagçylara içerki WiFi ulgamy arkaly elýeterli bolan häzirki zaman multimediýa ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär.

Täze maglumat we dynç alyş platformasy mobil enjamlar, planşetler şeýle hem kompýuterler üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär. Ýolagçylar bu ulgam arkaly çeper we dokumental filmleri, dürli görnüşdäki aýdym-saz eserlerini, şeýle-de döwürleýin neşirleriň elektron görnüşlerini öz içine alýan uly multimediýa katalogyna girip bilýärler.

Bu başlangyç ýolagçylara hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga gönükdirilip, halkara derejeli howa menzillerindäki hyzmatlaryň hiline doly laýyk gelýär.

Munuň ýaly tehnologiki çözgütleriň ornaşdyrylmagy ýurduň howa gatnawy infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädim bolup, halkara howa menziliniň işini dünýä ülňülerine laýyk alyp barmaga ýardam berýär.

Geljekde multimediýa ulgamynyň funksiýalaryny has-da giňeltmek we täzelikler bilen yzygiderli baýlaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Related posts

Türkmenabat-Moskwa gatnawy: 24-nji ýanwarda petekler satylýar

Ata Watan Eserleri

Gotürkiye täze we çeper esasy taýdan özboluşly «Söýgim meniň, Stambul» atly kiçi göwrümli serialy ýazga geçirdi

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-London-Aşgabat howa gatnawy ýola goýlar