Ýolagçy awtoulagyndaky magnitafondan Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy Täjimowyň şahyr Hajy Kakalyýewiň goşgusyna aýdýan «On ýedimiň bahary» aýdymy ýaňlanyp başlady. Şol pursat ulag ýolagçylary barjak menziline däl-de, ýaşlyk ýyllaryna sary alyp barýan ýalydy. Birden gapdaldaky hatarda oturan ýaşulynyň: — «Aýdym jan» diýip şuňa aýdaýsaň. Haçanky döredilen aýdym? Bu aýdymyň sözlerini ýazan şahyram-a biziň ýaşymyza ýeteňkirlän bolsa gerek? — diýen pyşyrdysy eşidildi. Gürrüňe goşulyp durmadym. Ýogsa, Hajy aga bilen jaňlaşanymyza kän gün geçmändi.
Ýakynda onuň agyr atletika boýunça Ýewropanyň üç gezek, dünýäniň dört gezek çempiony bolan, milli sportumyzyň gahryman ogly, Watandaşymyz Altymyrat Orazdurdyýewiň (jaýy jennet bolsun!) Ýaponiýa döwletinde geçirilen ýaryşda ýeňiji bolup gelende ejesi Oguldurdy enäniň adyndan: «Altyn alman gelme, balam!» atly döreden goşgusyna Mary şäheriniň 15-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Gunça Annamyradowanyň ýerine ýetirýän aýdymyny diňledim. Şol aýdymyň soňky bendindäki:
Alty jan algyr bürgütdir,
Balam ýaly ogul gytdyr,
Eneňden saňa sargytdyr,
Sargydym bek belle balam,
Altyn alman gelme, balam! — diýen setirleri has-da tolgundyrdy. Hakyky türkmen enesiniň perzendine bolan agramly söýgüsiniň ýakymly duýgusyny bagyşlady. Onsoň Hajy aga jaň edip aýdymy bilen gutladym. Şonda ol: «Taňry ýalkasyn! Köp-köp sag boluň! Bu aýdym doglan günüme uly sowgat boldy» diýip şeýle bir begenendigini aýtdy. Doglan günüňiz haçandy? — diýip soradym. — 15-nji maýda — diýdi. Onuň 1951-nji ýylda Aşgabatda doglandygyny bilýärdim. Hasaplap görsem nesip bolsa, geljek ýyl 75 ýaş ýubileý toýy. Öz ýanymdan: «şu ýaşuly hakynda-da makala ýazmaly» diýen pikire geldim.
— Gelneje, şu gün işe günüň birinji ýarymynda barýaňyzmy ýa-da ikinji ýarymynda? Maňa şahyr Hajy Kakalyýew hakynda arhiw ýazgylar gerek — diýip, bu gezekki ýazjak makalam üçinem ýene halypa kitaphanaçy Oguljemal Orazdurdyýewa jaň etdim.
— Onuň işi haýyr, gyzgyn howada kösenip kitaphana gelip durma. Özüm ol barada tapan maglumatlarymyň göçürme nusgalaryny öýe elterin. Iki günden giçlik salkynda gurbanlyk etjek. Öýe gel, şonda alaýarsyň, ýöne senem meniň şu ýumşumy bitirjek bol — diýdi-de:
Geldiň bahar, durmuşa jan getirdiň,
Giň asmandan dökýäň tylla merjeni.
On altymdan on ýedime ýetirdiň,
Hiç unudyp bilmen asyl men seni.
Hawa, seni gördüm on alty gezek,
Emma on ýedimiň bahar-ýazyny,
Aýdym ýaly gursagymda göterip,
Dutar alyp çalaryn oň sazyny… — diýip, Hajy Kakalyýewiň dokuzynjy synp okuwçy döwründe ýazan goşgusyna 1968-nji ýylda döredilen «On ýedimiň bahary» aýdyma hiňlendi. Soňra-da:
— Okuwçy döwrümizde üsti açyk uly ýük ulagyň üstünde pagta ýygmaga gidemizde, synpdaşlar bolup şu aýdymy aýdardyk. Häli-häzirem hiňlensem ýaşlygyma dolaýan bu aýdymyň aşygy bolamsoň, durmuş hakda oýlandyrýan ajaýyp goşgusynyň awtory hökmünde Hajy Kakalyýewi gaýybana tanaýan. Onuň döredijiligi bilen gyzyklanýan. Ýan ýoldaşym talyp wagty Aşgabadyň golaýyndaky Köşi obasynda kireýne jaýda ýaşaýardyk. Ilkinji perzendimiz gyzjagazymyz bardy. Töweregimizde Gurbangül atly deň-duşurak goňşy ýaşaýardy. Özem lukmançylyk institutyň talybydy. Olaryň öz jaýlary bar. Sygyr saklaýardylar. Gyzjagazyma süýt gerek bolansoň, şolara her gün süýt almaga barardym. Gurbangülüň adamsy Şanepesem lukmançylyk institutynda diş lukmançylygy ugrundan okaýardy. Şo mahallar hiç zatdan habarym ýokdy. Asyl meniň «On ýedimiň bahary» atly aşyk bolan aýdymymyň sazyny Şanepes Şanepesow döreden eken. Şol owadan aýdym ýaly ýaşlyk ýyllarym bilen bagly şu ýatlamalar hem mydamalyk ýüregimde galdy. Aýdymy ilkinji bolup ýerine ýetiren Akmyrat Geldiýew bolsa, ýan ýoldaşym Durdymyradyň kursdaşy. Şonuň aýdan arhiw ýazgysyny tapmaga kömek et — diýdi. Hajy aganyň özünde bardyr öýdüp:
— Arkaýyn bol — diýdim. Emma jaň edip sorasam Hajy aganyň özünde-de ýok eken. Ýogsa okuwçy wagtlarymyz bizem şol aýdymy radiodan kän diňlärdik. Mekdepde aýdym sapagynda aýdardyk. Aslynda menem Hajy agany şol aýdymyň üsti bilen gaýybana tanaýardym. Ol:
— «Radionyň arhiwinden soradyk welin, ol ýerde-de «ýok» diýdiler. Häzir-ä tapamok» — diýdi welin, geň galdym. Hajy aga, siz bütin ömrüňize polisiýa işgäri bolup işlediňiz. Çynyňyzy edip gözleseňiz taparsyňyz-la? Ýa indi «hormatly dynç alyşda» diýip, gelneje bilen çaýlaşyp arkaýyn otyrsyňyzmy? — diýdim. Ýaşuly şol bir şadyýanlygy bilen gülüp: «Hawa, şeýleräk ýaly öz-ä» diýip jogap berdi. Onsoň halypa mugallym Durdymyrat Orazdurdyýew bilen gürrüňdeşligimizi dowam etdik. Durdymyrat mugallym:
— 1968-nji ýylda Akmyrat Geldiýew bilen öňki Türkmen politehniki institutyna okuwa girdik. Akmyrat Lebap welaýatynyň Kerki şäherinden. Ol talyp wagtymyz pagta meýdanyna gidemizde-de, umumy ýaşaýyş jaýynda boş wagtymyz bolsa-da aýdym aýdyp bererdi. Özi tar saz guralyny çalardy. Şonda talyp deň-duşlar bolup «On ýedimiň bahary» aýdymy kän aýtdyrardyk. Hezil edip diňlärdik. Dogrusyny aýtsam, şol aýdym ýaşlyk ýyllarymyzda şo döwrüň ýaşlarynyň «marş aýdymy» ýaly kabul edildi — diýip gürrüň berdi. Mugallym mümkin bolsa, Akmyrat aga bilen jaňlaşyp bolarmy? — diýdim. Derrew jaň aýlap gürleşdirdi. Ol:
— 2006-njy ýylda Hajy Kakalyýew iş sapary bilen Türkmenabada gelende onuň bilen ilkinji gezek duşuşdyk. Şo mahallar ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde işleýän eken. Bu duşuşygymyz barada «kyrk ýyldan soňky duşuşyk» diýip metbugat sahypasynda-da ýazdylar. Şonda ol duşuşamyzda öz kitaplaryny sowgat berdi hemem şol aýdan aýdymymyň arhiw ýazgysyny sorady. Mende-de ýokdy. Radionyň arhiwinde bardyr öýdüp arkaýyn bolaýdym-da. Indi Hajy bilen käte jaňlaşýas, ýöne şol aýdan aýdymymyň arhiw ýazgysynyň tapylmaýanyna özümem gynanýan. Belki, ilçilikdir halkyň arasynda bar bolmagy mümkin — diýdi.
Öýe gelemsoň, Hajy aga hakynda dürli ýyllardaky metbugat sahypalarynda çap bolan makalalary okap çykdym. Onuň döredijiligi hakynda şu çaka çenli çynlakaý gyzyklanmandygyma gynandym. Ýogsa onuň bilen beýle içgin bolmasa-da, hal-ahwal soraşyp ýüzbe-ýüz tanap ýörenime-de kyrk ýyl töweregi bolandyr.
Anyk ýadymda däl. 1984-85-nji ýyllardady öýdýän. Ol goňşy obamyzda geçirilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat ýygnaga uly topar bilen gatnaşdy. Şonda halypa şahyry ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gördüm. Menem şol ýygnakda hem-ä goşgy okapdym hemem oba ýaşlarynyň durmuşy bilen bagly käbir kemçilikler hakynda erkinräk çykyş edipdim. Sondan bäş-alty ýyl töweregi wagt geçensoň, maşgalamyz bolup paýtagta göçüp geldik. Bir gün ol duralga-da sataşdy. Baş atyp «salam, Hajy aga!» — diýip salam berdim. Geň galdym. «Akgül, saglyk-gurgunlykmy?» — diýip tanady. Organ işgäri bolansoň, hakydasynda galandyryn-da. Soň Aşgabadyň çeper-synag haly kärhanasynda on ýyla golaý işledim. Fabrigiň golaýynda-da azyk dükan bardy. Häzirem bar. Her gün irden çörek almaga baramyzda Hajy aga-da egni polisiýa eşiginde dükana barardy. Şadyýan, ýüzi mähirli, göwni açyk degişgen häsiýetini görüp içimden: «Heý, şu ýumşak häsiýeti bilen jenaýatçyny günäkärläp bilýärmikä?» diýerdim.
Ine, bir günem teleýaýlymyň öňünde otyrdym. «Şahyr Hajy Kakalyýew öz goşgusyna, sazyny özi döreden «Züleýha» aýdymyny ýerine ýetirýär» diýlen sese bar ünsüm ekrana gönükdi. Onuň dutar çalyp aýdym aýdanyny diňledim. Gürleşende ýarsyny türkmençe, ýarsyny orsça gürleşip ýörensoň, elinde türkmeniň gara gazma dutaryny alyp ekrana çykmagynyň özi geň galdyrdy. Asyl ol hakyky bagşy eken-ä. Şondan soň onuň köp taraply zehinli halypadygyna göz ýetirdim. Kem-kemden döredijiligini öwrenip başladym. Ýaşlygynda ol Aşgabatda ýerleşýän Nowçalar we ýetginjekler köşgüniň dutarçylar gurnagyna gatnap halypalar Bäşim Lallakowdan hemem Garly Agaýewden dutar-gyjak çalmagyň inçe syrlaryny öwrenipdir. Rus dilini türkmençe garyp gürleýänem ol ilki paýtagtymyzdaky 28-nji rus mekdebinde okaýar. 1968-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, ozalky SSSR-iň Içeri işler ministrliginiň Omsk şäherinde ýerleşen Ýokary milisiýa mekdebine (häzirki Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň Omskdäki Polisiýa akademiýasyna) okuwa girýär. Ýokary bilimli polisiýa işgäri bolup saýlan hünärine ömrüni bagyşlan halypa şahyr döredijiligini esasy işiniň gapdaly bilen dowam edýär. Häzirki wagtda ätiýaçdaky podpolkownik Hajy Kakalyýew hormatly dynç alyşda.
Arada onuň keselhanada operasiýa bolup ýatandygyny eşitdim. Onsoň ýoldaşym bilen soramaga bardyk. Tüweleme, ýagdaýy birneme gowulaşypdyr.
— Tanyş boluň! Ýanymda gözgulak bolup duran bu ýigit oglum Gürgen» diýip tanyşdyrdy. Üç oglunyň, dokuz sany agtygynyň bardygyny aýtdy. «Nesip edenden, bizem indi ýetmişden geçen ýaşuly bolduk. Nähili beýik-beýik halypalary gördük. Meşhur sazanda Mylly Täçmyradowlar bilen goňşy ýaşadyk. Doglamda ejem görgüli iki-üç günläp kösenip oturypdyr. Şonda türkmençilik düzgünini edip: «Ejemi tüpeň sesi bilen tisgindirilensoň dünýä gelipdirin. Azan atam Mylly agadyr — diýip gürrüň berdi. Hajy aga doglaňyzda tüpeň sesi bilen geleňizsoňdyr hakyky asudalygyň goragçysy bolanyňyz — diýsem hezil edip güldi. Onuň şol bir çaga ýaly göwni açyklygy. Ýüregi arassa. Sähel zada begenip bilýär. Iki aý töweregi wagt geçdi. Aprel aýynyň otuzyna Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň eserlerinden düzülen konsert boldy. Şol konsertde-de goşgyňyza döredilen «Skwoz razluku» diýen aýdym aýdyldy. «Türkmen owazy» teleýaýlymynda täze döreden «Köňül telwasy» sazyňyzy diňledim. Kyssa eserleriňizden okaýan — diýip, döredijiligi bilen gyzyklanýandygymy aýtdym. «Taňry ýalkasyn! Bizi sylany Alla sylasyn!» diýip alkyş aýdýar welin, göwnünde ýasamalyk ýok. Tüýs muşdaklarynyň aýdyşy ýaly.
Bir mahal «Ýaş kommunist» gazetiniň 1989-njy ýylyň 25-nji mart sanynda çap bolan makalasynda SSSR Hudožnikler soýuzynyň agzasy Robert Şabuns: «Näçe geň hem bolsa, döredijilik işgärleriniň arasynda biri-birine göripçilik edýänler az däl. Bu «kesel» olaryň döredijiligine gaty zyýan edýär. Hajy Kakalyýew beýle ýetmezçilikden azat. Bu bolsa onuň döredijilik işinde üstünlik gazanmagynyň girewidir…» diýip ýazypdy. Onuň hakykatdan hem şeýledigine ýaşulyny indi içginiräk tanap başlamsoň akyl ýetirýän.
Arhiw maglumatlaryň arasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1985-nji ýylyň 6-njy iýul sanynda «Goşgyň özi geldi» at bilen Hajy Kakalyýewe ak pata berip ýazan makalasy gabat geldi. Makaladan bir bölejigini göçürip aldym. «Rus hem türkmen dillerinde ýugrumyny ýetirip goşgy ýazýan Hajy Kakalyýewiň döredijiligi bilen onuň metbugatda çap bolan iň ilkinji eserlerinden bäri gyzyklanyp gelýärin. Dogrymdan gelip aýdaýyn: ilki başda onuň gazet-žurnallarda setanda-seýranda çap bolýan şygyrlarynyň üstünden baranymyzda: «Ýigit goşgyny türkmençe ýazanda «rusça pikirlenip», rusça ýazan mahalam «türkmençe pikirlenip» ýazýan borly…» diýen ýalyrak gürrüňler hem edýärdik. Wagt geçdi. Hajy Kakalyýew iki dilde-de goşgy ýazmagyny dowam etdi. Ýyldan-ýyla onuň galamy has dogumlanyp, ýitelip, ezber işläp ugrady. Neşirýat onuň rusça goşgularyny poeziýa muşdaklaryna sowgat berdi.Ýakynda ol türkmençe goşgularyny hem toplap, kitap edip çykarmak üçin şol ýere tabşyrdy. Biz onuň goşgularyna gitdigiçe imrindik, belet bolduk. Indem şeýle diýýäs: «Ýigit haýsy dilde ýazsa-da, ozaly bilen, şahyrana pikirlenip ýazýar!».
Öz-özüm ýylgyranymy duýmadym. Biz-ä Annaberdi aga ýaly uly halypa däl welin, onda-da okyjy hökmünde Hajy aganyň şeýle ýiti zehinli uly şahyrdygyny hem köp taraply döredijiliginiň bardygyny meşhur halypalaryň ol barada ýazan makalalaryny okap indi bilýäs. Ol makalalar diýseň täsir etdi. Döredijiligine berlen ýokary bahalar Hajy Kakalyýewiň zehinli şahyrdygyny, ussat terjimeçidigini aý dogan ýaly subut edýär. Ýogsa alym Ahmet Bekmyradowyň aýdyşy ýaly häsiýeti boýunça ümsüm, göze-başa düşüp ýörmän gezip ýörensoň, Hajy aga beýle-beýle zehinlidirem öýtmändiris.
Ynha, ýene bir makaladan bölek. Dosty hem goňşusy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Tirkiş Sadykowyň «Türkmenistan» gazetiniň 1999-njy ýylyň 3-nji sentýabr sanynda çap bolan «Şygryýetiň gullugynda» atly makalasynda: «Altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarydy. Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýardym. Bir gün belli rubagyçy Amandurdy Annadurdyýew hemişekisi ýaly joşgunly gürläp: — Men örän bagtly adam. Özüm üçin täze uly bir zehiniň üstüni açdym, oňa Hajy Kakalyýew diýýärler. «On ýedimiň bahary» diýen aýdymy diňlänsiň-ä, şoň awtory. Özem hem türkmençe hem orsça ýazýar» diýdi — diýen jümle bar. Aman aga juda göwni ýeteni üçin aýdandyr. Göwni ýetmedigine ol ýüz görmän kemçiligini gönümel aýdýan halypady.
Makalanyň dowamynda awtor: «Şahyr Eýran Yslam Respublikasyna saparlarynyň täsiri bilen «Eýran diwany» goşgular toplumyny döretdi. Ol ökde sazanda, saz döredibermesi-de bar. Bularyň daşyndan aýdym aýdanda-da diňleýjilerini daşyna üýşürip bilýär. Iki dilde goşgy ýazýandygy döredijiliginiň aýratynlygynyň biridir. Özem ol türkmençe ýazan goşgusyny rusça, rusça ýazan goşgusyny türkmençä terjime ediberýär. Elbetde, iki dilde şygyr ýazaýmak aňsat iş däl. Iki dilde eser ýazýan adamlara iki dile-de deň diýeniňi etdiräýmek ýeňil däl. Ýöne bu kynçylyk Haja degişli däl. Onuň türkmençe ýazan goşgulary türkmençe şekilli, rusça ýazan goşgulary-da rusça. Rus dilini gowy bilmegi onuň türkmen diliniň baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanmagyna zyýan ýetirmeýär. Şahyryň gazallaryny «Bagyşnama», «Galanyň bilen», «Bardyr», «Jemiläniň» ýaly we klassyky äheňde döreden beýleki birnäçe goşgularyny okanyňda munuň şeýledigine anyk göz ýetirmek bolýar. Ol klassyky edebiýatymyzda ulanylan, emma häzirki döwürde onçakly ýörgünli bolmadyk käbir sözleri-de şygyrlaryna girizmegiň ebeteýini tapýar. Şeýle hem şahyryň şygyrlarynyň akgynly okalýandygyny, owazlydygyny bularyň üstüne goşmak bolar. Şahyr öz eserlerinde klassyky däpleri häzirki zaman öwüşginleri bilen has-da baýlaşdyrýa. Käte bolsa, mylaýym ýumoryň «duzuny» atýar-da, ony has-da tagama getirýär.
«Ýüregimde tutaşdyran,
Yşk oduňdan aýlanaýyn.
Her harpy müň ýigit gyran,
Gül adyňdan aýlanaýyn.
Arzym saňa aýtsam açyk:
Ýa sen maňa durmuşa çyk,
Ýa men saňa öýleneýin» diýip, onuň goşgy setirlerinden mysal getirip: «Goşgularyny az ýazsa-da, yzygiderli we saz ýazýar. Onuň kiçijik-kiçijik goşgularynyň, çaklaňja ýygyndylarynyň many agramy, çeperçilik gymmaty uly» diýip baha berýär. Hakykatdanam Hajy Kakalyýewiň häsiýetindäki degişgenligini onuň eserlerinde görmek bolýar. «Söýginiň syrly sowaly» nowellasyny okanyňda-da ýylgyranyňy duýman galýaň. Onuň döredijiligine uly baha berip, makala ýazanlaň ählisem tanymal halypalar. Uly halypalardan onuň ýaly öwgüli sözler eşitmek aňsat däl. Elbetde, Hajy Kakalyýewiň adamkärçilik babatda-da, döredijilik babatda-da şol öwgä mynasyplygy üçin berlen baha.
Makalalaryň arasynda öňki «Zähmet gyzyl baýdagy» Krasnowodsk oblast gazetiniň 1984-nji ýylyň 27-nji ýanwar sanynda N. Lenskaýa «Juwanlyga gaýdyp gelinmegi» diýen makalasy bilen şol mahallar neşir edilen kitaba giren iki awtoryň döredijiligine syn beripdir. Ol:
— «Umyt şöhlesi» bilen bir kitapda ýene-de bir ýygyndy — «Adamlaryň arasynda ýaşaýarys» diýen ýygyndy hem ýerleşdirilipdir.Ýaş türkmen şahyry Hajy Kakalyýew onuň awtorydyr. Bu ýygynda giren goşgular gowşak tejribeler bolman, eýsem, kämilleşýän şahyryň galamynyň astyndan çykan eserlerdir. Awtor Şekspirden erbet ýazasym gelmeýär» diýen çaklaňja goşgusynda: «Elýetmez belentliklere deňleşmegi söýýärin» — diýip tassyklaýar. Bu ýerde hemme zat tüýs ýürekden aýdylypdyr.Ýaş şahyryň eýerýän filosofiki lirikasynda gözlegler ýoly özüňden talabedijiligi, pikiriňi beýan etmegiň serişdeleriniň ykjam saýlanyp alynmagyny göz öňünde tutýar» diýip baha beripdir.
Alym Ahmet Bekmyradowyň «Ýaş kommunist» gazetiniň 1983-nji ýylyň 22-nji sentýabr sanynda ýazan «Bizde şeýle ýigit bar» atly makalasyny okap has-da haladym. Onda awtor özüniň gözli şaýat bolan pursadyny ýatlapdyr. Pursatlar bolsa hakykaty aýdyň görkezýär. 1982-nji ýylyň güýzünde Moskwada çagalar we ýetginjekler edebiýaty boýunça ýazýan ýaş tankytçylaryň bütinsoýuz seminar-maslahaty geçirilýär. Oňa ýurdumyzdanam wekiller gatnaşýarlar. Şonda özara gürrüňdeşlikde çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň, umuman tutuş edebi durmuşyň dürli meseleleri hakynda söhbet edilýär. Doganlyk halklardan jemlenen kärdeşleriň arasynda çeper terjime meselesi hakynda-da gürrüň gozgalýar.
— Gürjüstanly kärdeşimiz Mihail Kurdiany gyzykly bir meseläni orta atdy. «Rus diline suwara, rus edebiýatyny düýpli bilýän ýerli kadrlar ýetişdirilse terjimäniň asyl nusga bilen bäsleşigini gazanyp bolar. Bizde şeýle tejribe eýýäm bar. Mysal üçin Nodar Dumbadzäniň Lenin baýragyna mynasyp bolan «Bakylygyň kanuny» romanyny gürji ýigidi rus diline geçirdi». Ol sözüni tamamlan dessine ildeşimiz Wladimir Pu onuň bu pikirine ilkinji bolup hä berdi.
«Özümizde bir ýigit bar. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň eserlerini terjime etmäge täzeräk girişdi. Ol şahyryň ruhuna girmäge, onuň döredijilik özboluşlyklaryny doly bermäge dalaş edýär. Netijede onuň terjimelerini okasaň heziller edinýärsiň. Ine, men size şol ýigidiň Ezizowdan terjime eden bir şygryny okap bereýin.
Okalan şygyr oturanlary öz täsiri bilen jadylady. Olar bada-bat terjimeçiniň kimdigini bilmek islediler.
— Ol ýigide Hajy Kakalyýew diýýärler.
— Terjime bir ýerde çykdymy?
— Hawa, «Literaturnaýa Rossiýada».
Dogrymy aýtsam, ýurdumyzyň dürli halklaryndan bolan ýaş edebiýatçylaryň türkmen edebiýaty hakynda oýlanyp, Gurbannazar neressäniň ýürek owazyna maýyl bolup oturşy kalbyňa gözgalaň salýardy. Şol pursat terjimeçi ýigide minnetdarlyk aýdasyň gelýärdi.
Häsiýeti boýunça ümsüm, göze-başa düşüp ýörmeýän, öz ýaşytdaşymyz şol ýakymly ýatlamany galdyrdy.
Men Aşgabada gelip Hajy bilen duşuşdym. Ezizowdan eden terjimelerini okamaga bermegini soradym. Onuň şygyrlary barada oýlansaň, «Aýdymdan ýeke sözem aýryp bilmersiň» diýen rus pähimi ýadyňa düşýär. Şol şygyrlaryň aýdymlyk häsiýeti güýçli. Setirler jaýba-jaý, many taýdan dykyz, pikir babatda aýdyň gelýär. Olarda nähilidir çeperçilige beslenen rowaçlyk, akgynlylyk özüni duýduryp dur. Meger şondan bolsa gerek kompozitorlarymyz Hajynyň şygyrlaryna gezek gelende ýaýdanyp durmaýarlar. Onuň türkmen dilinde ýazan «Ýaş gurluşykçynyň walsy», «Hoşlaşyk», «Gurluşykçynyň aýdymy», rus dilinde ýazan «Mukaddes post», «Weteranlar hem ýetginjek bolupdy», «Şatlyk bizi ululyga äkidýär», «Aýralygyň arasyndan elim uzadýan» ýaly aýdymlary häli şindi efirde ýaňlanýar. Hajy Annaberdi Agabaýewiň birnäçe şygryny rus diline geçiripdi. Şol şygyrlaryň ikisi aýdym boldy. Rus aýdymlary «Katýuşa» hem «Moskwanyň eteginiň agşamlaryny» Hajynyň galamynyň gudraty bilen ene dilimizde diňläp bilýäris» diýip alym makalasynda ýazypdyr.
Hajy Kakalyýew 1987-nji ýylda ýaşlaryň Almatada geçen XIV Bütinsoýuz festiwalyna-da gatnaşýar. Şonda onuň goşgulary gazak dilinde hem çap edilýär. Onuň Gurbannazar Ezizowyň eserlerinden terjimeleri «Komsomoles Turklmenistana» gazetinde-de, sowet-bolgar žurnaly bolan «Družba» žurnalynda-da çap bolýar. Ol Gurbanýaz Daşgynowyň, Allaýar Çüriýewiň, Kasym Nurbadowyň, Hemra Şirowyň we başga-da birnäçe şahyrlaryň goşgularyny terjime etdi. Garaz, ýaşulynyň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmaty sanardan kän. Dürli ýyllarda ýazan goşgulary doganlyk halklaryň tanymal şahyrlarynyň goşgulary bilen birlikde ýörite neşir edilen ýygyndylara girizilýär we gyrgyz, gazak, türk hem beýleki dillere terjime edilýär. Onuň dürli temalardan ýazan eserleri neşir edilip okyjylara ýetirildi. Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarymyzda-da «Watanym— bagtym meniň» atly kitaby neşir edildi. Şeýle yhlasly zähmeti göz öňünde tutulyp halypa şahyr Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiklerinde birnäçe gezek ýeňiji boldy. Makalamyzyň ahyrynda köptaraply zehinli halypa Hajy Kakalyýewe ilki bilen özüniňem, maşgalasy Gül gelnejäniňem saglygynyň dikelmegini, çagalarynyň başy bitinligi bilen ýene-de uly-uly döwlet sylaglaryndan paýly bolmagyny arzuw edýärin.
Akgül Saparowa.