SPORT

Taryhy gün: Özbegistan futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatynda çykyş etmek hukugyna eýe boldy. Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň düzüminde çykyş edýän Özbegistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyrynda güýç synanyşdy.

“A” toparçada çykyş eden Özbegistanyň milli ýygyndysy Eýranyň ýygyndysyndan soňra bu toparçadan gönüden-göni dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk alan ýygyndy boldy. Toparçanyň 9-njy tapgyrynda Birleşen Arap Emirlikleri bilen myhmançylykda duşuşan Özbegistanyň milli ýygyndysy 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, utuklarynyň sanyny 18-e ýetirdi. Toparçadaky 3-nji orundaky BAE-niň bolsa, 14 utugy bar.

Toparçada diňe bir duşuşyk galdy. 10-njy iýunda Özbegistan öz meýdançasynda Katary kabul eder. Bu toparçada birinji orny 20 utuk bilen Eýranyň ýygyndysy eýeleýär.

Eýran bilen bir hatarda Ýaponiýa, Täze Zelandiýa we Argentina 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolupdy.

Özbegistanyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 1992-nji ýylda geçirdi we 1994-nji ýylda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Halkara Futbol Federasiýasynyň agzalygyna goşuldy.

Şeýlelikde, Merkezi Aziýada dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna ilkinji bolup, Özbegistan eýe boldy.

2026-njy ýylda dünýä çempionaty 11-nji iýun-19-njy iýul aralygynda ABŞ, Meksika we Kanada döwletlerinde geçiriler.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady