DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişi gurnady

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap welosipedli ýörişi gurnady.

Welosipedli ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, Gruziýanyň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Ýörişiň ugry Tbilisi şäheriniň köçelerinden, şeýle hem Gruziýanyň gadymy paýtagty Mtsheta şäheriniň merkezinden ybarat boldy.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow ýörişe gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününiň dostlugyň çapary hökmünde sportuň giň mümkinçiliklerini açýan halkara baýramdygyny belledi.

Ilçi howanyň global derejede üýtgeýän şertlerinde bu günüň has-da wajyp ähmiýete eýe bolýandygyny aýratyn nygtap geçdi. Dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni daşky gurşawa eserdeňlik bilen garamaga, saglygy berkitmäge, sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge ýardam edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda sportuň ekologik taýdan arasssa görnüşi bolan welosporty ýaýbaňlandyrmak, oňa ilaty, hususan-da ýaşlary işjeň gatnaşmaga giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ilçi welosipedli ýörişiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýändigni goşmaça belläp geçdi.

Çäräniň ahyrynda welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň halkara infrastruktura taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň Namoýandagon Oli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi

Eýran bilen Belarusyň arasynda täze ylalaşyklar gazanyldy

«Kids Expo 2025» sergisi geçirilýär

Palestina ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi