SPORT

Türkmenistan bilen Katar futbolda hyzmatdaşlyk eder

Tűrkmenistanyñ Futbol Federasiýasynyñ Baş Sekretary Serdar Geldiýew bilen TFF-niň Tehniki direktory Röwşen Meredow Katar döwletiniñ Doha şäherindäki “Aspire” futbol akademiýasynyñ Tehniki direktory bilen duşuşyk geçirdiler.

Duşuşygyň dowamynda Aziýa yklymynda uly meşhurlykdan peýdalanýan futbol akademiýasynyñ işiniñ dolandyrylyşy we ýaş ýetginjekleriñ arasynda zehinleri ýüze çykarmak barada alnyp barylýan işler boýunça gepleşikler geçirildi.

TFF-niň ýolbaşçylar düzümi ondan soňra Kataryň Futbol Asosiýasiýasynyñ edara binasynda KFA-nyň Baş Sekretary Mansur Al-Ansari bilen ikitaralaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada gepleşik geçirdiler.

Onuň dowamynda Kataryň hem-de Türkmenistanyñ Futbol federasiýalarynyñ arasynda futboly ösdürmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek hakyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Transfer dünýäsinde: 3-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgeni – «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň ýeňijisi

Ata Watan Eserleri