SPORT

Germaniýada “ýylyň emini” kim

Germaniýanyň milli futbol çempionaty bolan “Bundesligada” eminlik edýän Deniz Aýtekin 2019-2020-nji ýyllaryň möwsüminde “ýylyň emini” adyna mynasyp bolmagy başardy. Germaniýanyň “Kicker” atly sport žurnalynda okyjylara ýetirilen “ýylyň emini” anketasynda Deniz Aýtekin 100%-den 43.3% ses almagy başaryp, “Bundesligada möwsümiň iň gowy emini” adyna eýe boldy. Emin Manuel Gref bolsa, bu  sanawda ikinji orny eýelemegi başardy.

Germaniýanyň Futbol Federasiýasy tarapyndan Deniz Aýtekin 2019-njy ýylda hem “Ýylyň emini’ saýlandy. 42 ýaşyndaky emin indi Germaniýada birnäçe ýyldan bäri bu asylly kärinde zähmet çekip gelýär. Ol FIFA-nyň emini we UEFA-nyň saýlama emini hökmünde tanalýar.

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy