DÜNÝÄ

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Gazagystanyň Almaty şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew gatnaşdy.

Şeýle hem bu duşuşyga gatnaşmak üçin Hytaýyň daşary işler ministri Wan I, Täjigistanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow Gazagystana bardylar.

Duşuşykda syýasy dialogy güýçlendirmek, söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, ulag aragatnaşygyny ösdürmek, dürli wehimlere bilelikde garşy göreşmek, şeýle hem sebitdäki durnukly ösüş we daşky gurşaw howpsuzlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara hormat we deň hukuklyk ýörelgelerine esaslanýan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň arhitekturasyny gowulandyrmak baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu görnüşde yzygiderli duşuşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler, häzirki şertlerde konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmegiň, gatnaşyklary ösdürmegiň we ileri tutulýan ugurlarda tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini bellediler.

Duşuşykdan soňra daşary işler ministrleri Maglumat beýanatyny kabul etdiler, onda olar goňşuçylyk, durnukly ösüş we “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşiniň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýörelgelerine umumy ygrarlydyklaryny bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary