DÜNÝÄ

Türkmenistanyň medeniýet ministri Türkiýedäki forumda birnäçe duşuşyklary geçirdi

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow Türkiýäniň Erzurum şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 6-njy syýahatçylyk baradaky ministrleriň maslahatynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

“ECOTourism Capital 2025” çäreleriniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministri YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşdy. YHG-niň baş sekretary özüniň Twitter ulgamyndaky sahypasynda bu duşuşyk barada belläp geçdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Seýed Reza Salehi Amiri bilen duşuşdy.

ISNA neşiriniň maglumatlaryna görä, eýranly ministr Tähranyň Aşgabat bilen syýahatçylyk we medeniýet gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, sebitleýin medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin strategik ýol kartasyny işläp düzmegiň ähmiýetini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary