JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa we Saida Mirziýoýewa Samarkant şäherindäki inklýuziw bilim merkezine baryp gördüler

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa bilen bilelikde «Inson» jemgyýetçilik hyzmatlar merkezine we Samarkant şäherindäki inklýuziw bilim merkezine baryp gördi. Bu barada yuz.uz saýty habar berdi.

Hormatly myhmanlar ilatyň jemgyýetçilik goragyna mätäç toparlaryny goldamak, bilim almak mümkinçiliginden deň peýdalanmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdylar.

– Doganlyk Türkmenistan döwletinden hormatly Oguljahan Atabaýewany Özbegistanda görmekden örän şatdyryn. Biz «Inson» jemgyýetçilik hyzmatlar merkezine we Samarkant şäherindäki inklýuziw bilim merkezine baryp gördük. Bu ýerde ilatyň howandarlyga mätäç derejedäki adamlara berilýän goldawlar hem-de bilim elýeterligi üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyk.

Bu duşuşygymyzyň çagalara we maşgalalara goldaw bermek babatda bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek babatda oňat binýat boljakdygyna berk ynanýaryn – diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa özüniň “Telegram” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Ýene-de okaň

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek maslahatlaşyldy

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa sebiti boýunça ilkinji tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Ata Watan Eserleri