DÜNÝÄ

Lawrow Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşar

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 11-nji aprelde Gazagystanyň Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşar. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Mariýa Zaharowa habar berdi.

– 11-nji aprelde Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow GDA-nyň daşary işler ministrleriniň 2025-nji ýyldaky ilkinji duşuşygyna gatnaşar. Şeýle hem Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy göz öňünde tutulýar – diýip, Mariýa Zaharowa belledi.

Bu altytaraplaýyn duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem halkara we sebitiň gün tertibindäki halkara meseleler boýunça pikir alşylar.

Related posts

Baýden we Szinpin milli Liderimizi gutladylar

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hyzmatdaşlygyny berkidýär