DÜNÝÄ

Ermenistan Türkmenistanyň tebigy gazyny almaga gyzyklanma bildirýär

Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen Ermenistanyň çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawid Hudatýan başlyklyk etdi.

Duşuşygyň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen teswirnama gol çekildi.

Ermenistan Respublikasynyň Statistika komitetiniň maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar aýyndaky görkezijilere laýyklykda, söwda dolanyşygy 2.3 million dollara deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2.2 esse artdy.

ERMENISTAN TÜRKMENISTANDAN TEBIGY GAZ ALMAGY MEÝILLEŞDIRÝÄR

Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda tükrmen tebigy gazyny satyn almak boýunça gepleşikler geçirýär. Türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen “swop” görnüşinde Ermenistana ibermek meýilleşdirilýär. Bu barada Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýan habar berdi.

Onuň bellemegine görä, soňky birnäçe ýylda Ermenistanyň wekiliýeti Türkmenistana birnäçe sapar amala aşyryp, energetika we beýleki ugurlardaky birnäçe taslamalary ara alyp maslahatlaşdy.

– “Türkmengaz” döwlet konserninden satyn alynjak gazyň “swop” görnüşinde Eýranyň üsti bilen eýran-ermeni serhedine ýetirmek göz öňünde tutulýar – diýip, Tumanýan belledi.

Tumanýan bu taslamanyň esasy gatnaşyjylaryň biriniň Eýran bolup durýandygyny belläp, eýran tarapy bilen gepleşikleriň geçirilip, oňyn netijeleriň gazanylandygyny aýtdy.

Ermenistan 600 milliondan 1 milliard kubmetre çenli tebigy gaz almagy meýilleşdirýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň tebigy gazyny Ermenistanyň üsti bilen ýene-de “swop” görnüşinde Gruziýa ibermegiň mümkinçiliklerine hem seredilýär. Gruziýa hem bu ugurda gyzyklanma bildirýär.

– Eger bu taslamalar amala aşyrylan halatynda Türkmenistanyň tebigy gazy Gara deňzi basseýni üçin elýeterli bolar – diýip, Artaşes Tumanýan belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar