SPORT

Argentina Braziliýany utup, dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň 14-nji tapgyrynda Argentina bilen Braziliýa duşuşdy. Duşuşyk 4:1 hasabynda Argentinanyň peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşykda argentin ýyldyzy Lionel Messiniň çykyş etmändigini hem bellemek bolar.

Şeýlelikde, Argentina dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.  Argentinanyň paýtagty Buesnos-Aýresdäki “Mas Monumental” stadionynda geçirilen duşuşykda 2022-nji ýylyň dünýä çempiony Argentinanyň düzüminde Hulian Alwares, Enzo Fernandes, Makkalistir hem-de Juliano Simoeno öz adyna ýazdyrdy. 

11 ýyldan soňra Brazliýa ýene-de öz derwezesinden köp gol geçirtdi. Mundan ozal, 2014-nji ýylyň dünýä çempionatynda Braziliýa 7:1 hasabynda Germaniýadan uly hasap bilen ýeňlipdi.

Argentina wagtyndan öň dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Braziliýa 21 utuk bilen 4-nji orunda barýar. Dünýä çempionatyna Günorta Amerikadan 6 milli ýygyndy gönüden-göni gatnaşmak hukugyna eýedir.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy