JEMGYÝET

ABŞ-nyň wekiliýeti Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Hususan-da, ABŞ-nyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen gutlagynda: “Biz Siziň bilen bilelikde işlemek mümkinçiligine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlarynyň wekiliýetini ak mermerli Aşgabada ibermäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu maslahaty geçirýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýäris” – diýlip bellenilýär.

Şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC-3) taýýarlyk görülýär.

32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografiki ýerleşişi, olaryň ykdysady ösüşi üçin çagyryşlaryň toplumyny döredýär. Jemi 500 milliondan gowrak ilaty bilen bilelikde, olaryň deňiz söwda ýollaryndan we esasy dünýä bazarlaryndan uzaklygy sebäpli bu maslahatyň ähmiýeti uludyr.

Ýene-de okaň

Si Szinpin we Putin türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar