JEMGYÝET

1-nji synp okuwçylaryna 142 müň 698 sany kompýuteri sowgat bermek meýilleşdirilýär

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidentimiziň adyndan 2025-2026-njy okuw ýylynda mekdebe barjak 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurduň umumybilim berýän orta mekdeplerine ilkinji gadam basýan çagalara kompýuterleri sowgat bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 142 müň 698 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda sowgat beriljek “Bilimli” nyşanly kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary öwrenildi, şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany wise-premýere umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri sowgat bermek bilen bagly işleri talabalaýyk geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar