MEDENIÝET

«Galkynyş» topary Mary welaýatynda

Şu günler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, öz çykyşlary bilen halkymyzyň şatlygyny paýlaşýarlar. Lebap welaýatyndan soňra topar Mary welaýatynda öz çykyşlaryny görkezdi.

Gadymy Merw topragyna gelen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny welaýatymyzyň merkezindäki demirýol menzilinde welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary uly dabara bilen garşyladylar. Bu ýerde welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar göwünlere şatlyk paýlady.

Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen sirk sungatynyň şowhuny welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eýledi. Halkymyzyň geçmiş taryhynda tükeniksiz şöhrata eýe bolan ýelden ýüwrük bedewlerimiz, olara erk edýän ýigitlerimiz bu sungata ezberligiň ýokary derejesini görkezdiler.

Elbetde, ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we ýörite baýraklara mynasyp bolamagy taryh üçin uly gymmatlykdyr.

Ýene-de okaň

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler