MEDENIÝET

Katar Türkmenistan bilen kitaphana ugry boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň milli kitaphanasynyň ýolbaşçysy Hamad Bin Abdulaziz Al-Kawari bilen duşuşdy. Bu duşuşyk Aziýa we Okeaniýa sebitiniň kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara maslahatyň çäginde guraldy.

Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, maslahata Arkadag şäheriniň wekili hem gatnaşdy.

Duşuşykda türkmen diplomaty bilen kitaphananyň müdiri kitaphana işi boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Katara tarapy halkara foruma türkmen tarapynyň hem gatnaşýandygy üçin hoşallygyny bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kataryň iri kitaphanasynyň müdirine türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Arkadag” atly kitabyny sowgat berdi.

Related posts

Türkmenistanda oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreler

Türki dünýäniň medeni paýtagty – Änewde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy tassyklandy

“Oskar 2022” baýraklarynyň käbiri gowşurylyş dabarasyndan öň berler

Ata Watan Eserleri