DÜNÝÄ

Halkara zenanlar güni: Türkmenistanyň we Eýranyň zenanlarynyň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreler geçirildi. “Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny” atly Türkmenistanyň we Eýranyň zenanlarynyň duşuşygy hem-de onuň dowamynda iki ýurduň zenanlarynyň el işleriniň sergisi guraldy.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu ugurda medeni-ynsanperwer ulgama hem aýratyn orun degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň we Eýranyň zenanlarynyň duşuşygy guraldy. Bu çäräniň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi çykyş etdi.

Dabaraly çärelere gatnaşmak üçin goňşy Eýrandan Tähran uniwersitetiniň müdiriýetiniň agzasy Maleki Farab Neda Hafez hem-de Maşat şähergeňeşiniň  agzasy,  Maşat şäheriniň zenanlar komitetiniň başlygy we telekeçi  zenanlaryň wekili Salimi Fatemeh  Hossein paýtagtymyza geldiler.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hem gatnaşdy.

Çärede “Parahatçylyk we ynanyşmak – binýatlyk ýörelgesi”, “Çaga terbiýesi – röwşen geljegiň binýady”, şeýle hem “Telekeçi zenanlar – ykdysadyýetiň ösüşinde” atly mowzuklarda çykyşlar diňlenildi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mekezi girelgesinde türkmen we eýran zenanlarynyň ýaýbaňlandyrylan el işleriniň sergisi guraldy.

Dabara ýurdumyzyň dürli  ulgamlarynda  zähmet  çekýän zenanlar gatnaşdy.

 

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi