SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý: “2025-nji ýylyň ahyryna çenli 65 million syýahatçy we 64 milliard dollar girdeji gazanmak maksadyna ýetmegi maksat edinýäris” -diýip habarçylara beren beýanatynda habar berdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, “ITB Berlin” halkara syýahatçylyk sergisinde Türkiýäniň milli pawilýonynyň ýanynda metbugat wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Ministr eden çykyşynda 2024-nji ýylda 62,3 million syýahatçy we 61,1 milliard dollar girdeji gazanylandygyny belläp geçdi.

Ministriň bellemegine görä, 2024-nji ýylda Russiýadan 6.7 million, Germaniýadan 6.6 million we Angliýadan 4.4 million syýahatçy Türkiýede dynç aldy.

2025-nji ýylda hem bu görkezijileri gazanmagyň maksat edinilýändigi we häzirden rus tarapyndan 7 milliondan gowrak jahankeşdä garaşylýandygy bellenildi.

Ýurtda ýylyň ähli paslynda syýahatçylyk mümkinçiliklerini döretmek hem-de Türkiýäniň 81 welaýatynda gastronomiýa, taryhy we syýahatçylygyň beýleki ugurlaryny ösdürmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

Türkiýä gelýän jahankeşdeleriň 70 göteriminiň uçar arkaly gelýändigini bellän ministr Nuri Ersoý, geljekde 100 million syýahatçy we 100 milliard dollar girdeji gazanmak maksady bilen, awiakompaniýalaryň kuwwatynyň artdyrylmalydygyny aýtdy.

 

Ýene-de okaň

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi