DÜNÝÄ

Özbegistan bilen Pakistanyň hyzmatdaşlygy stragetik derejä çykaryldy

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif Özbegistan Respublikasynda resmi saparda boldy. Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň uly bukjasyna gol çekildi.

Hususan-da, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn ýokary derejeli strategiki hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky teswirnama hem-de Bilelikdäki Jarnama gol çekdiler.

Şeýle hem ylym, bilim, innowasiýa, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlarda möhüm resminamalara gol çekildi.

Özbegistanyň Prezidenti bu sapara ýokayr baha berip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini belledi. Özara haryt dolanyşygy 400 million dollardan geçdi. 130 sany bilelikdäki kärhana döredildi. Karaçi we Daşkent şäherlerinde söwda öýleri açyldy. Daşkent bilen Lahor şäherleriniň arasynda howa gatnawlary ýola goýuldy.

Related posts

Türkmenistan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Ozalky Prezident Jimmi Karter üçin duýgudaşlyk bildirildi

Ata Watan Eserleri

Paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy geçirildi