SPORT

Saud Arabystany 2029-njy ýylda gyşky Aziýa oýunlaryny kabul eder

Saud Arabystany 2029-njy ýylda gyşky Aziýa oýunlaryny kabul eder. Bu barada degişli çözgüt 2022-nji ýylda Kambojada geçirilen Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynda kabul edilipdi.

Gyşky oýunlaryň ýaryşlary Trojen dag-lyža toplumynda geçiriler. Ol häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan “Neom” giň göwrümli hem-de gymmat bahaly taslamanyň bir bölegi bolup durýar.

Trojen Pars aýlagynyň ilkinji dag-lyža toplumy bolar. Bu ýerde garly eňňitler dörediler. Öňde boljak Aziada oýunlarynyň geçiriljek ýeri bu iri sport ýaryşynyň guraljak wagtyndan irräk ulanmaga berler.

Mälim bolşy ýaly, Saud Arabystanynyň türgenleri şu ýyl ilkinji gezek gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşdylar. Hytaýyň Harbin şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda saud türgenleri dag lyža hem-de kerling sporty boýunça gatnaşdy.

Mundan ozal, gyşky Aziýa oýunlary esasan hem 4 ýurtda geçirildi. Aziýa yklymynyň bu iri ýaryşyny Ýaponiýa 4 gezek, Hytaý 3 gezek, Gazagystanwe Günorta Koreýa bir gezek kabul etdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy